Ýaponiýanyň hökümeti we ÝUNOPS Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça taslamany ýola goýýarlar
05 mart 2021
- Ýaponiýanyň hökümeti we BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (ÝUNOPS) ýurdy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge gönükdirilen täze taslamany resmi taýdan ýola goýdular.
Taslama ÝUNOPS-yň Türkmenistanda alyp barýan ilkinji tagallasydyr. “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamanyň reminamalaryna gol çekişlik dabarasy BMG-niň binasynda geçirildi.
ÝUNOPS-yň adyndan çykyş edýän BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand we Ýaponiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, onuň Alyhezretleri jenap Ýamamoto Hiroýuki, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri jenap Nurmuhammet Amannepesowyň we metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda resminamalara gol çekdiler.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, şeýle hem beýleki gatnaşyjylar öz çykyşlarynda, ýokanç keselleriň adam saglygyna ýetirýän täsirlerine garşy Türkmenistanyň görýän çärelerinde bu taslamanyň tutýan ähmiýetli ornuny belläp geçdiler.
BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand "BMG, Türkmenistanyň hökümetiniň we Ýaponiýanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň saglyk ulgamyny ösdürmäge we global pandemiýanyň ýetiren täsirinden soň durnukly derejede dikelmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn" - diýdi.
Mundan başga-da, Türkmenistany öz içine alýan ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň müdiri hanym Freýa fon Groote, ÝUNOPS özüniň mandatlaryna, şeýle hem taslamalary, satyn alyşlary we infrastrukturany dolandyrmak uguryndaky we BMG-niň Ýurt boýunça toparlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykdaky tejribesine esaslanyp hökümetiň ösüş babatyndaky alyp barýan tagallalaryny goldamaga höweslidigini nygtady.
Umumy bahasy 2,8 million ABŞ dollaryna barabar bolan “Lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslama, saýlanan hassahanalar üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak we üpjün etmek, şeýle hem mümkinçilikleri ösdürmek, logistika we dolandyryşy goldamak ýaly ugurlara gönükdirilendir.
Bu taslama, 2020-nji ýylda iň ýokary derejede tassyklanan 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň, Ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün etmegiň meýilnamasynyň we Durmuş - ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň çäginde durmuşa geçiriler. Şoňa laýyklykda BMG-niň ýurt boýunça topary, şol sanda ÝUNOPS, bu meýilnamalary durmuşa geçirmekde milli gyzyklanýan taraplar we halkara ösüş hyzmatdaşlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.