BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi ýöriteleşdirilen enjamlaryň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna resmi gowşurylyş dabarasyna gatnaşýar
10 mart 2021
- Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi-WCO Global konteýner dolandyryş maksatnamasynyň çäklerinde ýöriteleşdirilen enjamlary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna gowşurmagyň resmi dabarasy geçirildi.
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili hanym Aşita Mittal, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi maksatnamasynyň uly utgaşdyryjysy jenap Ketil Ottersen, WCO maksatnamasynyň uly utgaşdyryjysy jenap Norbert Steilen we donoryň wekilleri dabara onlaýn aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna (DGG) we Port gözegçilik bölümlerine (PGB) gowşurylan ýörite IT serwer, faýrwol we programma üpjünçiligi maglumat alyş-çalyş boýunça täze başlangyjynyň örän möhüm tapgyrydyr. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda deslapky maglumat alyşmak başlangyjy, kanuny söwdany ýeňilleşdirmek hem-de töwekgelçilikli ýükleriň ýüze çykarmaklygyň we olaryň öňüni almaklygyň mümkinçiliklerini üpjün eder.
Açylyşda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary jenap Döwlet Baýryýew, Aşgabat şäherindäki Halkara gümrük terminalynda we Türkmenbaşy halkara deňiz portunda döredilen PGB-leriň olaryň täsirini nygtap, DGG, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we WCO-nyň bikanun söwda garşy göreşde alyp barýan bilelikdäki tagallalaryny barada belläp geçdi.
"Olaryň netijeliligini göz öňünde tutup, Türkmen-Özbek serhedindäki “Farap Awtoýollary” barlag nokadynda täze PGB döretmek barada ylalaşyk gazanyldy" diýip, – Baýryýew belledi.
Ol gowşurylan enjamlaryň Türkmenistanda we tutuş sebit boýunça ykdysady ösüşe we söwdany ýeňilleşdirmegine goşant goşjakdygy barada umydynyň bardygyny aýtdy.