Türkmenistanda Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we desin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasy kabul edildi
21 maý 2021
- BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy, BSGG-niň we ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin COVID-19 pandemiýasyna garşy çäreleri görmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäginde, ýakynda kabul edilen Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we desin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin ýol kartasyny hödürledi.
Brifing Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we maliýe edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýurtda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň, şol sanda Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň ilçisi jenap Diego Ruis Alonsonyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary jenap Ç. Agamuradowyň we Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyrjysynyň w.ý.ý. hanym Kristin Weigandyň gatnaşmagynda geçirildi.
2021-nji ýyl üçin täzelenen meýilnama, Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň düzümleýin edaralary bilen bilelikde alyp barýan işleriniň netijeleri esasynda işlenip düzüldi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan COVID-19 pandemiýasyna garşy taýýarlygy we çäreleri görmek boýunça soňky teklipleriň çäginde başlanan işiň, şeýle hem BSGG-niň saglyga degişlilikde “Bütin - hökümet, tutuş jemgyýet” ýörelgesiniň üstüni dolýar.
Täze meýilnama ýolbaşçylyk, utgaşdyrmak, meýilnamalaşdyrmak we gözegçilik, töwekgelçilikler barada habar bermek we jemgyýetiň gatnaşmagy, sanjym we ýokanç kesellere garşy netijeli göreşmegiň beýleki ugurlaryny öz içine alýar.
“2021 ýyl üçin Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we desin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasynyň maksady saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmekden ybaratdyr. Biz COVID-19 pandemiýasyna garşy sanjym strategiýasyny, bejeriş teswirnamalaryny we maglumat alyş-çalşyny ösdürmekde öňdebaryjy halkara tejribelerini ulanarys", - diýip jenap A.Mahkamow, BSGG-niň taslamasynyň dolandyryjysy öz çykyşynda aýtdy.
BSGG-niň “Bütin - hökümet, tutuş jemgyýet” ýörelgesi saglygy goraýyş ugrunda netijeliligi ýokarlandyrmak üçin syýasatyň sazlaşygyny gazanmagy maksat edinýär. Saglyk hemmelere degişlidir. Bu bütin hökümetiň we jemgyýetiň gatnaşmagyny üpjün edýän jemgyýetiň abadanlygydyr.