Halkara Migrasiýa Guramasy jynsa degişli meseleleri göz öňüne tutup, migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak we seljermek boýunça milli gyzyklanýan taraplar üçin onlaýn okuw maslahatyny gurady
05 oktýabr 2021
- Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde jynsa degişli meseleleri göz öňüne tutup, migrasiýabarada maglumatlary ýygnamak we seljermek boýunça milli gyzyklanýan taraplar üçin milli okuw maslahatynygurady.
Bu çäre HMG-niň Ösüş Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda ösüş ugurnda milli meýilnamalary işläp düzmek üçin migrasiýa barada statistikany ýygnamak, derňemek we ulanmak üçin milli mümkinçilikleri artdyrmak" taslamasynyň çäginde geçirildi. Maslahatyň maksady migrasiýa, ösüşe we jynsa degişli aragatnaşyklara ünsi jemläp, subutnamalara esaslanýan syýasaty işläp düzmekde ýardam etmekdir. Buçemeleşme syýasat we dolandyryş ýaly ugurlarda jynsa degişli meselelere has giňişleýin garamak üçin migrasiýa barada maglumatlaryň taýýarlanmagyna, derňelmegine we ulanylmagyna ýardam edýär.
Jynsa degişli dezagregirlenen we genderleri öz içine alýan migrasiýa barada ýokary hilli maglumatlaryň taýýarlanmagy we ýygnalmagy, hem-de şular ýaly maglumatlary migrasiýa syýasatlaryny işläp düzmekde we gowulandyrmakda ulanmak, migrasiýa barada maglumatlary gaýtadan işlemekde we migrasiýa syýasatyny işläp düzmkede diňe bir jynsa degişlili meseleleri (şol sanda kanun çykaryjy derejede) göz öňüne tutmak bilen çäklenmän, eýsem, degişli edaralara ösüş ugrunda hemme genderleriň ukyplaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Jynsa degişli meseleleri göz öňüne tutýan migrasiýa barada maglumatlaryň özara dinamiki gatnaşygy milli ösüş ugrunda netijeleri tiz wagtda gazanmaga ýardam edýär. Bu maksat Türkmenistanyň hökümetine migrasiýa barada maglumatlary ýygnamak we derňemek ugrunda mümkinçilikleri ýokarlandyrmakda, şeýle hem maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde we maglumatlary goramak üçin kadalary berjaý etmekde jynsa degişli meselelere has giňişleýin garamaga goldaw bermek bilen gazanylar.
Bu okuw maslahatyna migrasiýa barada maglumatlary ýygnaýan Türkmenistanyň hökümetiniň ministrlikleriniň we edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we mejlisiň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda HMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň başlygy - Azat Atajanow, HMG-niň jyns we migrasiýa meseleleri boýunça geňeşçileri - Margarita Hegaý we Dmitriý Poletaýew; HMG-niň Wenadaky sebitleýin edarasy - Wan Aş Lauran Simon; Global Migrasiýa barada maglumatlaryň derňew merkezi, Migrasiýa barada maglumatlar we syýasat ugrunda hünärmen - Eliza Mosler Widal, Analitik hünärmeni - Guallar Arino Estefaniýa; we Migrasiýanyň Gözleg Bölümi - Rohas Koppari Pablo çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar global migrasiýa tendensiýalary, maglumatlaryň dezagregirlenmegi we durnukly ösüş ýaly mowzuklary, jynsa we migrasiýa degişlilikde maglumatlary ara alyp maslahatlaşdylar, migrasiýanyň jynsa degişlilkde dolandyryşy üçin gollanma we HMG-niň jynsa degişlilikde matrisasy, şeýle hem Migrasiýa baradaky global ylalaşykdaky we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibindäki jynsa we migrasiýa degişlilikde meseleler barada öwrendiler. Milli gyzyklanýan taraplar bu okuw maslahatynyň ähmiýetini nygtadylar we bu çärede gazanylan bilimleriň we başarnyklaryň milli ileri tutulýan ugurlaryny gazanmak, 2030-njy ýylda çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek we Migrasiýa baradaky global ylalaşyk boýunça hasabaty taýýarlamak ýaly halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin migrasiýa syýasatynda ulanyljakdygyny aýtdylar. HMG-niňgeňeşçisi -Margarita Hegaý şular ýaly okuw maslahatlarynyň görkezijileri ýygnamak we seljermek, şeýle hemTürkmenistanda migrasiýa boýunça milli strategiýalary işläp düzmek, şeýlelik bilen ösüş meýilnamalaryna jynsa degişlilikde migrasiýa barada maglumatlary ornaşdyrmak üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirip biler diýip nygtady.