Press reliz

2021-nji ýylda Bütindünýä göçegçi guşlaryň güni: 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda bütin dünýäde bellenilýän guşlaryň we tebigatyň baýramçylygyna goşulyň!

09 oktýabr 2021

  • Bu ýyl Bütindünýä göçegçi guşlar gününiň mowzugy “Guş ýaly saýra we uç!” bolup, her ýyl göçegçiguşlar barada habardarlygy ýokarlandyrmaga we olary goramak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň zerurlygyna üns çekýän bütindünýä kampaniýasydyr.

Bu ýylky kampaniýa göçegçi guşlaryň ornuny bellemek üçin umumy isleglerinde dünýäniň dürli ýaşdaky adamlaryny ylhamlandyrmagyň we birleşdirmegiň usuly hökmünde “guşuň saýraşy” we “guşuň uçuşy” ýaly hadysalara, şeýle hem guşlary we olaryň ýaşaýyş gurşawyny goramak üçin bütin dünýäde edilýän tagallalara goşulmaga gönükdürilendir.

2021-nji ýylda Bütindünýä göçegçi guşlar gününiň mowzugy guşlary diňlemek we synlamak arkalybütin dünýäde adamlar bilen jebisleşmek we tebigat bilen aragatnaşygy täzelemek üçin çagyryşdyr. Şol bir wagtyň özünde, bu mowzuk bütin dünýäde adamlary guşlara we tebigata minnetdarlygy bildirmek üçin seslenmäge we öz döredijiliginden peýdalanmaga çagyrýar.

Guşlara hemme ýerde duş gelip bolýar: şäherlerde we oba ýerlerinde; seýilgählerde we howlularda, tokaýlarda we daglarda, batgalyk ýerlerinde we kenarlarda. Olar bize planetamyz, daşky gurşaw, ýabany tebigat we biri-birimiz bilen aragatnaşykdadygymyzy ýatlatmak bilen bu ýaşaýyş ýerleriniň hemmesini birleşdirýärler. Şeýle hem möwsümleýin hereketleri arkaly göçegçi guşlar bize tebigatyň tapgyrlary barada yzygiderli ýatladýarlar.

Bütin dünýäde tebigatyň ilçileri hökmünde göçegçi guşlar diňe bir planetanyň dürli ýerlerini birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem adamlary tebigat bilen we özleri bilen täzeden baglanyşdyrýarlar.

Milliardlarça göçegçi guşlar köpelýän we köpelmeýän ýerleriniň aralygynda aýdym aýtmagy we uçmagy dowam etdirýärler. Biziň hereketlerimizi çäklendirip, köp işlere päsgelçilik döredenpandemiýa döwründe dünýäniň ýüzünde adamlar guşlary diňlediler we synladylar. Pandemiýa döwründe guşlaryň saýraşy dünýäde köp adamlar üçin rahatlygyň we şatlygyň çeşmesi bolup,adamlary birek-birege we tebigat bilen baglanyşdyrdy.

Dünýädäki alymlar pandemiýanyň guşlara we beýleki ýabany haýwanlara edýän täsirini öwrenýärler, “antropauzanyň” - COVID-19 pandemiýasynyň netijesinde adamlaryň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde bes edilmegini öwrenip, onuň dünýäde guşlara we ýabany tebigata edýän täsirini öwrendiler. Şol bir wagtyň özünde alymlar guşlaryň we tebigatyň adamlaryň saglygyna edýän oňyn täsirine hemseredýärler.

Pandemiýanyň adamzat üçin görlüp-eşidilmedik kynçylykdygy düşnüklidir. Şol bir wagtyň özünde ol köp ugurlar boýunça, şeýle hem guşlaryň tutýan möhüm orny we biziň abadançylygymyz üçin tebigatyň ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrdy.

2021-nji ýylda Bütindünýä göçegçi guşlaryň güni diňe bir guşlaryň baýramçylygy bolman, eýsembütin dünýäde tebigat bilen öz aragatnaşyklarymyz barada pikirlenmek we pandemiýadan soňky döwürde guşlary we tebigaty goramak maksady bilen çäreleri güýçlendirmek üçin köpçülikleýin islegimizi bildirmek üçin möhüm pursatdyr.

Bütindünýä göçegçi guşlaryň güni BMG-niň iki ylalaşygynyň – Guşlaryň göçegçi görnüşleri baradaky ylalaşygynyň (CMS) we Göçegçi-batka guşlary baradaky Afrika - Ýewraziýa ylalaşygynyň (AEWA), şeýle hem “Amerika üçin daşky gurşawy” atly telekeçilige degişli bolmadyk guramanyň (EFTA) bilelikdäki hyzmatdaşlygy bilen gurnaldy. 2021-nji ýyldaky kampaniýa, şeýle hem, Uçuş ýollary boýunça Gündogar Aziýa – Awstraliýa Aziýa boýunça Hyzmatdaşlygynyň (EAAFP) müdiriýeti we beýleki ýöretileşdirilen köp guramalar tarapyndan işjeň goldanýar.

Bütin dünýäde her ýyl maý aýynyň ikinji şenbe gününde we oktýabr aýynyň ikinji şenbe günündebellenilýän - Bütindünýä göçegçi guşlaryň güni guşlaryň ähli esasy uçuş ýollary boýunça göçüşlerinibelleýän we habardarlygy ýokarlandyrýan ýeke-täk halkara maksatnamasydyr.

2021-nji ýylda esasy maglumat

“Göçegçi guşlar bizi özboluşly aýdymlary we uçuşlary bilen baglanyşdyrýarlar we olary goramak üçin serhetden daşary hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini ýatladýarlar. "

Goşmaça materiallar we 2021 ýylyň mowzugy barada has giňişleýin maglumat almak üçin Çeşmelersahypasyna girip görmegiňizi haýyş edýäris: “Guş ýaly aýdym aýdyň we uçuň!”.

Bütin dünýäde geçirilýän çäreler

Aşakda 2021-nji ýylda Bütindünýä göçegçi guşlaryň güni mynasybetli meýilleşdirilen käbir çäreler bar we biz web sahypamyza yzygiderli ýagdaýda täze çäreleri goşup durarys. Şeýle hem, biz siziň meýilnamalaryňyzy eşitmäge garaşýarys we dünýä ýüzi boýunça geçirilýän çäreleriň kartasynda peýda bolmagy üçin çäreleri gurnaýjylaryň ählisini öz geçiren çärelerini Bütindünýä göçegçi guşlaryňgününiň web sahypasynyň belligine alynmagyny maslahat berýäris.

2021-nji ýylda Bütindünýä göçegçi guşlaryň güni mynasybetli wakalar, adatça, COVID-19 pandemiýasy zerarly onlaýn ýagdaýda geçer. Köp ýurtlarda göçegçi guşlar barada wirtual görnüşde gepleşikler geçiriler, şeýle hem guramalaryň köpüsi, şol sanda mekdepler, muzeýler, seýilgähler, haýwanat baglary, kitaphanalar, goraghanalar hem-de suw-batgalyk ýerleriniň merkezleri adamlaryň habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin öz meýilnamalaryny hödürlärler.

Öz çäreleriňizi gurnaň we bütindünýä baýramçylygynyň bir bölegi boluň! Siz 2021-nji ýyldaBütindünýä göçegçi guşlaryň gününi bellemek üçin meýilleşdirýän çäreleriňiz barmy? Eger bar bolsa, bu geçirjek çäräňizi Bütindünýä göçegçi guşlaryň gününiň web sahypasynda hasaba alynmagyňyzy haýyş edýäris. Uly çäreleri geçirýän bolsaňyz bize bu çäräni suratlandyrýan gysgaça tekst (400 sözden köp bolmaly däl) we 1-2 surat ibermegiňizi haýyş edýäris, biz öz kanallarymyz arkaly siziň bu çäreleriňiz barada habardarlygy ýokarlandyrarys.

Siz nädip gatnaşyp bilersiňiz?

Dünýäniň köp ýurtlarynda Bütindünýä göçegçi guşlar gününi bellemek üçin ýüzlerçe çäreler geçirilýär. Her bir çäre özboluşly we bu çäreler gatnaşýan adamlaryň we guramalaryň özi ýaly dürli-dürli we döredijiliklidir. Gatnaşmak üçin siziň käbir amala aşyryp biljek işleriňiz:

Habardarlygy ýokarlandyrmaga ýardam ediň!

Kampaniýany öňe sürmäge kömek ediň. Bütindünýä göçegçi guşlaryň güni barada öz web sahypaňyzda, habar býulletenleriňizde we jemgyýteçilik torlaryndaky kanallaryňyzda habar ýaýratmaga ýardam ediň. Munuň üçin biziň web sahypamyzdan we jemgyýetçilik torlar üçin (Trello Board) çeşmelerimizden peýdalanyp bilersiňiz.

Beýannamalaryňyzy iberiň. Biz her ýylda bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Bütindünýä göçegçi guşlaryň güni mynasybetli beýannamalary kabul etmäge garaşýarys. Bular gysga (1-2 minutlyk) wideo habarlary ýa-da ýazmaça beýannamalar bolup biler (iň köp bolanda 800 söz), we biz olary Bütindünýä göçegçi guşlar gününiň web sahypasyna goşup bileris. Beýannamalaryňyzy biziň web sahypa goşmagymyz üçin 2021-nji ýylyň maý aýynyň 6-na çenli: contact@worldmigratorybirdday.org elektron poçta ibermegiňizi haýyş edýäris.

Guş ýaly jürkülle! Bütindünýä göçegçi guşlaryň gününi jemgyýetçilik torlaryndaky sahypalaryňyz we kanallaryňyz arkaly öňe sürmäge ýardam ediň. Bütindünýä göçegçi guşlaryň gününi goldamak maksady bilen öz ýazgylaryňyzy döretmek üçin biziň ýörite jemgyýetçilik torlar üçin niýetlän maglumatlarymyzdan peýdalanyp bilersiňiz, ýa-da Twitter, Instagram we Facebook ýaly sahypalarda bu güne bagyşlanan ýazgylary paýlaşyp bilersiňiz. Esasy heşteglary ulanmagy unutmaň: #WorldMigratoryBirdDay we #WMBD2021, şeýle hem şu ýyl üçin ikinji heşteglar: #SingFlySoar #LikeABird we #ForNature

Guşlary goramak üçin sesleniň

Bu ýylky tema, dürli ýaşdaky adamlary özlerini beýan etmeklerine, guşlara we guşlary gorap saklaýan halkara guramalara minnetdarlyk bildirmek we goldaw bermek üçin seslenmäge we döredijiligini ulanmaga çagyrýar. Biz gatnaşyjylaryň hemmesini Bütindünýä göçegçi guşlar gününi guşlary goramakda goldaw bermek we göçegçi guşlara goldaw bermek üçin amala aşyrýan işlerini görkezmek üçin pursat hökmünde ulanmaga çagyrýarys.

Döredijilikli boluň!

Adamlaryň ýerine ýetirýän aýdymyny guşlaryň aýdymy bilen baglanyşdyrmak dünýäniň köp ýurtlarynda ulanylyp bilinjek döredijilikli mümkinçilikleriniň giň gerimini açyp görkezýär. Pikirler dürli-dürli bolup, dünýäniň dürli künjeklerinden guşlara bagyşlanan bar bolan meşhur aýdymlary diňlemegi, dürli ýurtlardaky adamlaryň “seslenmegini” we guşlar üçin aýdym aýtmagy, ýagny “göçegçi guşlar üçin guş ýaly saýramagy” öz içine alýar.

Guş ýaly saýraň we uç!

Munuň guşlar we tebigat üçin dünýä ýüzi boýunça hakykatdanam “adamlaryň döredijilikli bolmagy we özlerini görkezmek üçin” olar guşlardan ylham alyp, aýdymlary (ýa-da başga döredijilikli işlerini) ýazmaly we olary jemgyýetçilik torlarynda #SingFlySoar #LikeABird heşteglaryny ulanyp, köpçülik bilen paýlaşmaly.

#LikeABird kampaniýasyny işjeňleşdirmegiň ýene bir ýoly, tebigat suratçylaryny we kinematografistleri #SingFlySoar #LikeABird heşteglaryny ulanyp, jemgyýetçilik torlarynda “uçup barýan guşlaryň” iň gowy wideolaryny we suratlaryny paýlaşmaga çagyrmakdyr.

“Aýdym aýtmaga” meňzetmek bilen ýene bir iş alyp barmak mümkin, ýagny paraşýut sporty, deltaplanerizm we howa bilen baglanyşykly beýleki sportlar bilen meşgullanmak arkaly guşlaryň uçuşyny adamlaryň uçuşy bilen baglanyşdyryp bolar. Gatnaşyjylara #SingFlySoar #LikeABird heşteglaryny ulanyp, jemgyýetçilik torlarynda “özleriniň uçup barýan” wideolaryny we suratlaryny paýlaşmaga maslahat berilýär.

Çäräni hasaba alyň

Umumy mowzugy we kampaniýasy bilen baglanyşykly Bütindünýä göçegçi guşlar güni mynasybetli çäreler dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýär we dürli ýaşdaky we dürli hünärdäki adamlaryň müňlerçesini özüne çekýär we ruhlandyrýar. Çäreler, adatça, Bütindünýä göçegçi guşlar gününde, ýagny maý aýynyň ikinji şenbe gününde we oktýabr aýynda gurnalsa-da, ýylyň dowamynda geçirilýän çäreler Bütindünýä göçegçi guşlar güni bilen baglanyşykly bolup biler.

Döredijiligiň çägi ýok! Geçen ýyl geçirilen çäreler we habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreler mekdeplerde, seýilgählerde, şäher edaralarynda, bilim merkezlerinde we goraghanalarda gurnalan guşlara tomaşa etmek, onlaýn okuwlar we sergiler, webinarlar, festiwallar we surat çekmek ýaryşlaryny öz içine alýardy.

Geçirilen çärelerden ylham almak üçin şu sahypa geçiň we nähili çäreleri geçirjekdigiňiz barada karara geleniňizden soň - işiňizi hasaba almagyňyzy haýyş edýäris.

Öňümizdäki hepdelerde biz web sahypalarymyzy yzygiderli täzeläris, siz bu maglumtlary paýlaşyp bilersiňiz ýa-da bu maglumatlardan Bütindünýä göçegçi guşlar güni bilen baglanyşykly çäreleriňizi öňe sürmek üçin peýdalanyp bilersiňiz. Şeýle hem, web sahypa goşmaly zatlar barada teklipleriňiz ýa-da pikirleriňiz bar bolsa bize ýazmagyňyzy haýyş edýäris: contact@worldmigratorybirdday.org

JEMGYÝETÇILIK TORLARY

Maglumatlar: https://bit.ly/3cFWF5H

@WMBD

#WorldMigratoryBirdDay

#WMBD2021

#SingFlySoar #LikeABird #ForNature

Bütindünýä göçegçi guşlar güni barada

Bütindünýä göçegçi guşlar güni (her ýyl maý we oktýabr aýynyň ikinji şenbe güni bellenilýär) göçegçi guşlary we olaryň ýaşaýan ýerleriniň goralmagyny üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellemek üçin bellenilýär. 2021-nji ýylda Bütindünýä göçegçi guşlar güni mynasybetli bellige alnan çäreler guş festiwallaryndan, bilim maksatnamalaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çärelerinden, wiktorinalardan, ýaryşlardan we film görkezmekden ybarat bolar. Bu çäreler ilkinji gezek 2006-njy ýylda göçegçi guşlary gorap saklamak we olaryň häzirki wagtda ýönekeý dümew diýip atlandyrylýan, H5N1 ýokary derejede patogen guş dümewi wirusynyň ýokaşdyryjylary hökmünde görülip, ätiýaçdan äňedilmegi sebäpli bütin dünýäde alan negatiw teswirlerine garşy durmak üçin geçirildi. Şondan bäri Bütindünýä göçegçi guşlar güni meşhur boldy: kampaniýanyň başlanyndan bäri 100-den gowrak ýurtda 2000-den gowrak çäre gurnaldy.

Ýabany haýwanlaryň göçegçi görnüşlerini gorap saklamak baradaky ylalaşyk (CMS) we Afrika-Ýewraziýa sebitleri boýunça göçegçi suw guşlary  babatynda ylalaşyk (AEWA) - Birleşen Milletler Guramasynyň ýabany tebigat babatynda hökümetara ylalaşyklary - Kolorado ştatynda ýerleşýän Amerika üçin Daşky gurşaw (EFTA) atly gurama bile hyzmatdaşlykda kampaniýany bilelikde guraýarlar.

www.worldmigratorybirdday.org

Göçegçi görnüşler baradaky konwensiýa (CMS) barada

Ýabany haýwanlaryň göçegçi görnüşlerini gorap saklamak baradaky ylalaşygynyň maksady ýerüsti, suw we göçegçi guşlaryň ýaşaýan çäklerinde gorap saklamakdyr. Bu ylalaşyk dünýä derejesinde ýabany tebigaty we ýaşaýyş ýerlerini gorap saklamak bilen baglanyşykly hökümetara ylalaşykdyr. Ylalaşygyň 1979-njy ýylda güýje gireli bäri, onuň agzalary artýar, Afrika, Merkezi we Günorta Amerika, Aziýa, Ýewropa we Okeaniýa sebitleriniň 132 ýurtlardan ybaratdyr.

www.cms.int @bonnconvention

Afrika-Ýewraziýa sebitleriniň göçegçi suw guşlary babatyndaky ylalaşyk barada (AEWA)

Afrika-Ýewraziýa sebitleriniň göçegçi suw guşlary babatyndaky ylalaşyk (AEWA) Afrika-Ýewraziýa uçuş ýollarynyň ugrunda uçýan göçegçi suw guşlaryny goramaga bagyşlanan hökümetara ylalaşykdyr. Ylalaşyk, ýyllyk tapgyrynyň azyndan bir bölegi üçin batgalyk ýerlere ekologiki taýdan garaşly 255 sany görnüşleri öz içine alýar. Ylalaşyk Ýewropadan, Afrikadan, Ýakyn Gündogardan we Aziýanyň we Kanadanyň käbir sebitlerinden 119 döwleti öz içine alýar. 81 ýurt we Ýewropa Bileleşigi  hem şertnama baglaşdylar.

www.unep-aewa.org @UNEP_AEWA

Amerika üçin daşky gurşaw (EFTA)

EFTA- bu Kolorado ştatynda ýerleşýän telekeçilik bilen meşgullanmaýan gurama bolup, göçegçi guşlar barada habardarlygy ýokarlandyrmak we Amerikanyň hemme ýerlerinde göçegçi guşlary goramak üçin çäreleri öňe sürmek üçin iki dilde okuw materiallaryny, şeýle hem guşlar barada we olary gorap saklamak baradaky maglumatlar bilen üpjün edýär.

https://www.environmentamericas.org/

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Florian Keýl, Maglumat aragatnaşyk boýunça hünärmen, Bilelikdäki aragatnaşyk boýunça topar, Göçegçi görnüşler baradaky ylalaşyk (CMS) we Afrika-Ýewraziýa sebitleriniň göçegçi suw guşlary babatyndaky ylalaşygynyň (AEWA) müdiriýetleri, Bonn, Germaniýa. Elekton poçta: contact@worldmigratorybirdday.org | Telefon: +49 228 8152451

Sýuzan Bonfild, ýerine ýetiriji direktor, Demirgazyk we Günorta Amerika üçin Daşky gurşaw, Boulder, Kolorado, ABŞ. Elektron poçta: sbonfield@environmentamericas.org | Telefon: +001 970-393-1183

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz