Press reliz

Gynamalara garşy konwensiýa goşmaça teswirnamanyň girizilmegini tassyklamak boýunça tehniki maslahatlar

11 November 2021

  • 9-njy noýabrda, sişenbe güni BMG-niň Adam hukuklary boýunça müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi Gynamalara we beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän jezalara garşy konwensiýa goşmaça teswirnamanyň girizilmegini tassyklamak we ony durmuşa geçirmek ugrunda halkara tejribe boýunça tehniki okuw maslahatyny geçirdi (GGKGT).

Bu çärä Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça pudagara komissiýasynyň iş toparynyň agzalary gatnaşdy.

Halkara bilermeni Ýuriý Belousow, GGKGT-ny tassyklamakda we goşmaça teswirnamanyň esasy talaby bolan - Milli öňüni alyş mehanizmlerini (MÖM) işläp düzmekde Ukrainada toplan tejribesi bilen paýlaşdy. Maslahatyň dowamynda hukuk goraýjy edaralarynyň, Adalatçynyň diwanynyň we Türkmenistandaky Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Institutynyň wekilleri BMG-niň MÖM-e degişlilikde esasy ýörelgeleri we MÖM-iň dürli görnüşleri barada öwrendiler. Belousow, islendik bir MÖM-iň garaşsyz bolmagynyň we azatlykdan mahrum edilýän ýerlere baryp görmek üçin mandatynyň bolmagynyň möhümdigini belläp geçdi.

“BMG-niň Adam hukuklary boýunça müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça milli hereketler Meýilnamasynda kesgitlenen meseleleri durmuşa geçirmekde, Gynamalara garşy konwensiýa boýunça okuw meýilnamalaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde, şeýle hem Türkmenistana GGKGT-ny tassyklamak boýunça goldaw bermäge taýýardyr.” - diýip, Omer Fişer, sebitleýin wekiliň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi aýtdy.

***

Türkmenistan Gynamalara we beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän jezalara garşy konwensiýany 1999-njy ýylyň iýun aýynda tassyklady. 2018-nji ýylda Umumy döwürleýin synyň üçünji tapgyrynda Türkmenistan GGKGT-ny tassyklamak we MÖM-i döretmek boýunça 16 sany teklibi kabul etdi.

Gynamalara garşy konwensiýa goşmaça teswirnamanyň girizilmegini tassyklamak boýunça tehniki maslahatlar

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz