Adam hukuklary babtynda ýaşlar festiwaly Halkara adam hukuklary gününe bagyşlanýar
17 dekabr 2021
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin adam hukuklary boýunca edarasy Halkara adam hukuklary güni mynasybetli Adam hukuklary babatynda ýaşlar festiwalyny geçirdi.
Bu ýyl Adam hukuklary güni deňsizligi azaltmaga gönükdirildi we Adam hukuklarynyň Älhlumumy Jarnamasynyň 1-nji maddasyna esaslanýar: "Hemme adamlar erkin, şeýle hem mertebesi we hukugy boýunça deň bolup dogulýarlar.
Festiwala DÖM-niň ýaş ilçileri we jemgyýetçilik guramalarynyň aktiwistleri gatnaşdy. Festiwala 16 ýaş oglanlar we gyzlar ýygnandy.
Birinji gün gatnaşyjylar adam hukuklary babatynda düşünje we adam hukuklary babatynda halkara goraglylyk mehanizmleri barada bilim aldylar. Mundan başga-da, ýaş liderler BMG-niň Ýaşlar strategiýasynyň 2030-njy ýyla çenli maksatlary barada öwrendiler. Festiwalyň ikinji gününiňmowzugy deňlik we diskriminasiýa ýol bermezlik boýunça halkara çemeleşmelere bagyşlandy. Festiwalyň dowamynda gatnaşyjylar durmuşdan dürli mysallary getirdiler we amaly wakalary seljerdiler.
Ýaşlar deňligi, diskriminasiýa ýol bermezligi we adam hukuklarynyň gymmatyny öňe sürmekde möhüm orun tutýarlar we biz ýaşlara öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilmekleri üçin olary kuwwatlandyrmaly, goldamaly we ähli mümkiçilikleri döretmeli." - diýip BMG-niň Merkezi Aziýa üçin adam hukuklary boýunça edarasynyň ýaşlar boýunça milli maksatnamalarynyň utgaşdyryjysy Ýuliýa Wotslawa aýtdy.