Press reliz

ÝUNOPS Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny gowulandyrmak üçin ilkinji lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy

20 dekabr 2021

  • 20-nji dekabrda “Lukmançylyk Enjamlary” ammarynda “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamanyň çäginde lukmançylyk enjamlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Taslamanyň çäklerinde öňdebaryjy ykjam rentgen şöhleler appartlary, gastroskopiýa, duodenoskopiýa, kolonoskopiýa we gastroskopiýa ulgamlary ýaly lukmançylyk enjamlarynyň ilkinji ýüki ýurda getirildi.

Çäräniň dowamynda onuň alyhezreti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýuki, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi jenap Mohammad Faýazi, Awstriýada ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň Müdiri hanym Freýa fon Groote we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrliginiň wekili çykyş etdiler.

"Men bu taslamanyň diňe bir Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem ýapon we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlugyň, agzybirligiň we özara goldawyň nyşanyna öwrüljekdigine ynanýaryn" - diýip onuň alyhezreti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýuki aýtdy.

“Şu gün men Ýaponiýa hökümetiniň sahy goldawy we Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde gazanylan uly üstünliklerini belläp geçmek isleýärin. Men bu getirilen enjamlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň taýýarlygyny we çäreleri görmek ukybyny güýçlendirmek bilen esasy saglyk hyzmatlarynyň hilini we bu hyzmatlara elýeterliligi ýokarlandyrjakdygyna ynanýaryn."- diýip BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi jenap Mohammad Faýazi belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistany öz içine alýan Awstriýada ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň Müdiri hanym Freýa fon Groote, ÝUNOPS-yň Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň ulgamy we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde hemmeler üçin has gowy geljegi gurmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirjekdigini ýene-de bir gezek tassyklady we

“ÝUNOPS bu taslamanyň çäginde, şeýle hem BMG-niň operatiw bölümihökmünde infrastruktura we satyn alyş işlerinde biziň giňişleýin mandatymyzyň çäginde Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde saldamly goşant goşar diýip umyt edýär."- diýip aýtdy.

ÝUNOPS “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” taslamasyny 2,8 million ABŞ dollary möçberinde goşant goşan Ýaponiýa hökümetiniň adyndandurmuşa geçirýär. Bu taslama 2020-nji ýylda ýokary derejede tassyklanan BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny, Türkmenistanda döwlet derejesinde Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň milli meýilnamasyny, şeýle hem Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde amala aşyrylýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz