BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen adam söwdasyna garşy göreşmek babatyndaky kanunçylyk reformasynda soňky üýtgetmeleri ara alyp maslahatlaşýarlar
26 maý 2022
Adam söwdasy dünýäde iň erbet jenaýatdyr, adam hukuklarynyň bozulmagynyň iň gödek görnüşidir we muňa ýol berilmeli däldir.
Şeýle-de bolsa, bu jenaýat giňden ýaýran we esasanam kanunyň hökmürowanlygy we jenaýat kazyýet ulgamlary netijesiz hereket eden ýagdaýynda peýda bolýar.
“Ýurtlaryň köpüsinde, şol sanda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy kanunlar hereket edýär, emma bu kanunlara üýtgetmeleriň yzygiderli girizilmegi we Birleşen Milletler Guramasynyň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy konwensiýasynyň üstüni ýetirýän adam söwdasynyň, esasanam aýallaryň we çagalaryň söwdasynyň öňüni almak, ýok etmek we jezalandyrmak baradaky Teswirnamasynyň düzgünleri bilen laýyk gelmegi pidalary ýüze çykarmak, zerur bolan goraga we hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmek we transmilli jenaýatçylyk toparlaryny jogapkärçilige çekmek ugrunda möhüm ähmiýete eýedir" - diýip, Merkezi Aziýada BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) sebitleýin maksatnamalaryň halkara utgaşdyryjysy jenap Kun Markwering aýtdy.
UNODC 2018-nji ýylda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň hukuk taýdan seljermesini geçirdi. Bu derňewiň teklipleri 26-27-nji maý aralygynda Türkmenistanda geçirilen “Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça milli syýasaty pugtalandyrmak” atly ikinji okuw maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu okuw maslahatynda Türkmenistanyň hökümetine we jemgyýetçilik guramalaryna wekilçilik edýän 21 hünärmen gatnaşdy, olar ÝB we GDA ýurtlarynda adam söwdasyna garşy göreşmek babatynda kanunçylyk reformalarynda soňky üýtgetmeler bilen tanyşdylar. UNODC tarapyndan işlenip düzülen hukuk taýdan seljerme bilen birlikde, türkmen kanunçylygyny kämilleşdirmek üçin halkara we milli hünärmenleriň taýýarlan teklipleri, şeýle hem bu teklipleri degişli kanunlara we kararlara uýgunlaşdyrmak we ornaşdyrmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli we halkara hünärmenler pidalary ýüze çykarmak we olara goldaw bermek, şeýle hem Türkmenistanda ulanylyp bilinjek, pidalara gönükdirilen çemeleşmelere aýratyn üns berýän milli salgylanma mehanizmlerini ýola goýar ýaly maliýe çeşmelerini ýüze çykarmak üçin syýasaty we proseduralary işläp düzmek boýunça iň oňat tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Gatnaşyjylar Özbegistanyň adam söwdasyna garşy kanunçylyk reformasynyň tejribesi bilen, ýagny, Milli salgylanma mehanizmleri üçin standart iş proseduralary; Milli salgylanma mehanizmlerini maliýeleşdirmek üçin çeşmeler we adam söwdasyna garşy göreşmek üçin döwlet edaralary bilen raýat pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň oňat tejribeleri; şeýle hem Gazagystanyň adam söwdasynyň öňüni almak üçin döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin tejribeleri bilen tanyşdylar.
"Adam söwdasyna garşy göreşmek - aýal-gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini ýok etmegi, guramaçylykly jenaýata garşy göreşmegi we mejbury zähmeti ýok etmegi, çagalara zulum etmegi, olardan peýdalanmagy we olara garşy zorluk ulanmagy ýok etmegi talap edýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek prosesini tizleşdirýändigini düşünmek möhümdir. Bu global derejedäki jenaýata garşy göreşmek, hiç bir adamyny ünsden düşürmän, has gowy geljegi gurmakdyr" - diýip, Kun Markwering sözüni jemledi.
Tarapyndan ýazylan
Wasilina Bražko
UNODC
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen