BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we hyzmatdaşlar adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça innowasion çemeleşmeleri Türkmenistanyň hususy pudagyna ornaşdyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler
30 maý 2022
Hususy pudak adam söwdasy üçin amatly ýer bolup biler, bu ýerde pidalar iş tapmak umydy bilen adam söwdasy bilen meşgullanaýan söwdagärleriň eline düşýärler.
Kompaniýalaryň köpüsi, arzan bahaly harytlara we hatda has arzan hyzmatlara bolan global islegleriň ýokarlanmagyna kem-kemden uýgunlaşýarlar. Bilşimiz ýaly, islegler önümleriň döremegine sebäp bolýar. Bularyň hemmesi, ahyrynda ekspluatasiýa bilen baglanyşykly ýagdaýlara sebäp bolup biler.
Adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda hususy pudagyň gatnaşmagyny üpjün edip, pikir alyşmak we iň oňat çözgütleri tapmak üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanda ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly maksatnamasynyň çäginde “Hususy pudakda we üpjünçilik zynjyrlarynda adam söwdasynyň öňüni almak, şeýle hem hususy pudakda sosial, korporatiw we zähmet kadalaryny berjaý edilmeginiň ähmiýeti we onuň eksporta edýän täsiri” atly okuw malsahatyny geçirdiler.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň 29-dan gowrak wekilleri, şeýle hem maslahat beriş, oba hojalygy we gurluşyk pudagyndaky hususy kompaniýalaryň wekilleri adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça syýasatyň, zähmet kadalarynyň we adam hukuklarynyň berjaý edilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar halkara we sebitleýin tejribeleri öwrendiler, şeýle hem sebitde we dünýäde zähmet düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak üçin üstünlikli we innowasion çemeleşmeleriň mysallaryny paýlaşdylar.
Merkezi Aziýada UNODC-niň adam söwdasyna we migrantlaryň bikanun getirilmegine garşy göreşmek boýunça sebitleýin geňeşçisi doktor Reda Sirgediene gatnaşyjylary adam söwdasynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek üçin döwlet-hususy pudagyňhyzmatdaşlygynyň geljekdäki uly işleri bilen tanyşdyrdy.
Korporatiw we jemgyýetçilik jogapkärçiligi boýunça halkara hünärmeni hanym Saara Haapasaari, Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Jenaýatyň öňüni almak we gözegçilik etmek instituty (HEUNI), Bolgariýanyň Demokratiýa öwreniş merkezi, Estoniýanyň Tartu uniwersiteti we Latwiýanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan işlenip düzülen,kompaniýalar üçin zerur bolan zähmet gollanmasyny hödürledi.
Türkmenistanyň Adalatcysynyň diwanynyň wekili mejbury zähmetiň we adam söwdasynyňöňüni almak üçin milli zähmet kanunçylygynyň kadalaryny we olary berjaý etmegiň ähmiýetini belläp geçdi.
Maslahata gatnaşyjylar hökümet we jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda hususy pudagyň möhüm orun tutýandygy barada ylalaşyga geldiler. Gatnaşyjylar bu jenaýata garşy göreşmek üçin ähli sebitleri we pudaklary öz içine alýan bitewi, utgaşdyrylan we köptaraplaýyn tagallalaryň zerurdygy barada netije çykardylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Transmilli Guramaçylykly Jenaýata garşy Konwensiýasynyň (UNTOC) we adam söwdasynyň öňüni almak, oňa garşy göreşmek, hem-de jezalandyrmak baradaky goşmaça Teswirnamasynyň kepillendirijisi hökmünde, UNODC Türkmenistanyňhökümetine adam söwdasyna garşy göreşmek üçin edýän tagallalaryny güýçlendirmek üçin goldaw berýär.
Bu okuw maslahaty adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanda ugrukdyryş mehanizminiň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin degişli edaralaryň we guramalaryň standart iş proseduralaryny doly derejede işläp düzmek üçin gönükdirilen UNODC bilen USAID-iň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly maksatnamasynyň bilelikdäki başlangyjynyň bir bölegi bolup durýar.
Tarapyndan ýazylan
Wasilina Bražko
UNODC
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen