Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygy adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we çäreleri görmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk - adatdan daşary ýagdaýlara täsirli çäre görmegiň esasydyr.
Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk - adatdan daşary ýagdaýlara täsirli çäre görmegiň esasydyr, ýöne köp halatlarda adatdan daşary ýagdaý ýüze çykýança, bu barada pikir edilmeýär.
Ýöne bu, 31-nji awgustda BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygy tarapyndan bosgunlaryň köpçülikleýin gelen halatynda halkara ülňülerine laýyklykda gyssagly çäre görmek üçin onlaýn görnüşde geçirilen çärä gatnaşan Türkmenistanyň Hökümetiniň wekillerine degişli däldir.
Iki sagat dowam eden sessiýa adatdan daşary ýagdaýlarda halkara derejesinde kesgitlenen çäreleri görmäge, gatnaşyjylary Bosgunlary utgaşdyrmak modeli bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem bu ýagdaýlarda töwekgelçiliklere baha bermäge we olary azaltmaga gönükdirilendir. Sessiýalar bosgunlary halkara derejede goramagyň kanuny esaslary we esasy ýörelgeleri, bosgunlaryň gelen wagtynda araçäge girmäge bolan elýeterliligi we adatdan daşary ýagdaýlarda çäre görmek ýaly ugurlardan ybarat boldy.
Mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça türgenleşik, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygynyň arasynda 2022-nji ýylda geçiriljek Bilelikdäki iş meýilnamasynyň bir bölegidir. Bütin dünýäde ynsanperwer ugrunda adatdan daşary ýagdaýlaryň tiz üýtgemegi we çylşyrymlaşmagy bilen, döwletlere we raýat jemgyýetine netijeli taýýarlyk görmek we çäre görmek üçin goldw bermek - Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygynyň Merkezi Aziýada ileri tutýan ugrudyr.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji guramalaryň wekilleri we beýleki döwlet işgärleri gatnaşdy.
"Biz Türkmenistanyň Hökümetiniň işgärleri taýýarlamak, adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak üçin gurallary we goşmaça mehanizmleri täzelemek we işläp düzmek, şeýle hem halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny yzygiderli gowulandyrmak baradaky berk borçnamasyna ýokary baha berýäris" -diýip, BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygynyň Goraglylyk bölüminiň başlygy Hanifa Karimi, çäräniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.
Owganystan bilen goňşy ýurt hökmünde Türkmenistan Owganystan, Eýran, Päkistan we Özbegistan bilen birlikde 2022-nji ýylda Owganystandaky bosgunlaryň ýagdaýyna garşy çäre görmegiň sebitleýin meýilnamasynyň bir bölegidir. Sebitleýin meýilnama bosgunlar, gaçybatalga gözleýänler we pasport bolmadyk adamlar, şeýle hem kabul ediji jemgyýetler we täze gelenler ýaly dürli statusdaky owganlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin kabul edýän hökümetleri goldamaga çalyşýar. Owganystandan gaýdyp, ýurduň içine gelenler bolmasa-da, Türkmenistanyň Hökümeti, BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygy we Türkmenistanda Sebitleýin meýilnamanyň hyzmatdaşlary – BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) – araçäge howpsuz we päsgelçiliksiz ýagdaýda girmegi we ýurda gelenleri yzyna gaýtarmagyň öňüni almagy wagyz edip, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görýärler.
Türkmenistan 1951-nji ýyldaky Bosgunlaryň ýadaýy baradaky konwensiýasynyň we onuň 1967-nji ýyldaky teswirnamasynyň kabul edilen dabarasyna gatnaşan döwletdir. Şeýle hem, ol 1954-nji we 1961-nji ýyllarda Raýatlyksyzlyk baradaky konwensiýalara goşulan, Merkezi Aziýada ýeke-täk ýurtdyr.
BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygy Türkmenistanda rezident bolmadyk guramadyr, onuň işi hyzmatdaşlar tarapyndan amala aşyrylýar we BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça Ýokary komissarlygynyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalary tarapyndan gözegçilik edilýär.