Press reliz

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri üçin UNEP-iň metandan peýdalanmak boýunça okuwlaryny geçirmäge ýardam edýär

23 ýanwar 2023

  • Türkmenistanda BMG, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin gibrid görnüşinde iki günlük okuw maslahatyny geçirdi.

Bu çäre Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylaryny, hünärmenlerini, kadalaşdyryjy guramalaryny we işgärlerini bir ýere jemlemek bilen metany dolandyrmak ugrunda strategiki çäreleri görmegiň zerurlygy, şeýle hem ýurtda metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň ýollary barada öwrenmäge mümkinçilik berdi.

“Biz şu gün Türkmenistanda metany peýdaly ulanmak boýunça  okuw maslahatyny size hödürlemäge hoşallyk bildirýäris, çünki Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça arzan bahaly usullary ulanmaga uly mümkinçilikleri bar we şol sebäpden ol howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan göreşde esasy orun tutmalydyr." – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çäräniň açylyş dabarasynda belledi.

Okuw maslahaty, UNEP-iň maksatnamalary dolandyrmak boýunça hünärmeni, doktor Marsi Baranskiniň çykyşy bilen başlandy. Ol gatnaşyjylary Metan zyňyndylaryny azaltmak babatyndaky Halkara obserwatoriýasy(IMEO), ýagny UNEP-iň zyňyndylary azaltmak ugrundaky başlangyjy bilen tanyşdyrdy we umuman zyňyndylary azaltmak üçin metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň möhümdigini, metanyň zyňyndylarynyň täsirlerini azaltmak boýunça strategiki çäreleri kesgitlemek üçin ýokary hilli maglumatlaryň elýeterli bolmagynyň zerurdygyny, şeýle hem Pariž ylalaşygynyň çägindäki borçnamalary durmuşa gerçirmek üçin zerur şert bolan - metanyň zyňyndylaryny azaltmak üçin ylym esasynda çäreleri kesgitlemegiň derwaýysdygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, doktor Baranski, UNEP-iň metanyň zyňyndylarynyň täsirlerini azaltmak we onuň hasabatyny ýöretmek boýunça öňdebaryjy maksatnamasynyň nebit-gaz pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatyndaky hyzmatdaşlyk (OGMP 2.0) barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda, “Carbon Limits” kompaniýasynyň ýokary geňeşçisi we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak meselesi boýunça hünärmeni Olga Gasan-zade gatnaşyjylary nebit-gaz pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça öňdebaryjy tejribeler, şeýle hem metanyň zyňyndylaryny kesgitlemegiň usullary, ölçemegiň usullary we mukdary boýunça baha bermegiň usullary bilen tanyşdyrdy. Hünärmeniň belläp geçmegine görä, metanyň ýyladyş täsiri, 20 ýylyň dowamyndaky kömürturşy gazyň ýyladyş täsirinden 80 esse ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde, nebit-gaz pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak üçin goýulýan maýa goýumlar oba hojalygy pudagyna garanyňda has pesdir.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysatçysy Wladimir Waletka, Halkara Energetika Guramasynyň Metan Trekeriniň Türkmenistanda metanyň zyňyndylarynyň ýarysyndan gowragynyň hiç hili çykdajysyz azaldyp boljakdygy baradaky çaklamalaryny ýene bir gezek belläp geçdi. 2021-nji ýylda ýurtda çak edilen 5 million metrik tonna barabar bolan metanyň zyňyndylarynyň mukdary 77 milliard kilowat sagat (KWs) elektrik energiýasyna öwrülip bilerdi. Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportynyň bahasy boýunça ýitirilen pul girdeji 2,1 milliard ABŞ dollaryndan geçýär, bu bolsa 2021-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň 3,4 göterimine deňdir.

Çäräniň ikinji ýarymynda UNEP-iň geňeşçisi Megan Demeter gatnaşyjylary IMEO-nyň Metan barada duýduryş we oňa garşy çäre görüş ulgamy (MARS) bilen tanyşdyrdy. MARS, metany hemra arkaly ýüze çykarmak we açyk duýduryş proseslerini birikdirýän ilkinji global ulgamydyr we zyňyndylary azaltmak üçin edilýän tagallalara goldaw berýär. MARS, zyňyndylaryň emele gelen wagtynda olary ýüze çykarmak üçin iň döwrebap hemra maglumatlaryny ulanýar, degişli gyzyklanýan taraplara habar bermek, şeýle hem metanyň zyňyndylarynyň täsirlerini azaltmak ugrunda öňegidişligi goldamak we gözegçilik etmek üçin hyzmatdaşlaryna goldaw berýär.

Duşuşygyň ahyrynda, gatnaşyjylar hünärmenlerden has giňişleýin maglumat almak üçin sorag-jogap sessiýasyna gatnaşdylar we Türkmenistanyň Hökümetiniň ýurtda metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda alyp barýan işleri barada aýdyp geçdiler. Başga-da, gatnaşyjylar indiki amala aşyrylmaly işler, şol sanda Türkmenistanyň metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça edýän tagallalary barada halkara jemgyýetçiligine habar bermek we bu pudakda işleýän tehniki hünärmenler, ykdysatçylar hem-de ekologlar üçin okuwy giňeltmek ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Okuwdan soňra, UNEP-iň hünärmenleri, ýurtda metanyň zyňyndylaryny çäklendirmek üçin goşmaça başlangyçlary öňe sürmek we bu ugurda geljekde innowasion çözgütler we ileri tutulýan ugurlar arkaly çözgütleriň meselelerini tapmak üçin Metan zyňyndylaryny azaltmak babatyndaky Halkara obserwatoriýasynyň (IMEO) üsti bilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdylar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz