Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça topary, geljekde boljak wakalaryň üstünde oylanmalary güýçlendirmek maksady bilen geljekki howplary seljerýän ýurt derejesindäki barlagyny tamamlady

26 noýabr 2025

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ýurt boýunça topary Baş sekretaryň “BMG 2.0” gün tertibine laýyklykda, BMG-niň bilelikdäki maksatnamasyna we ýurt seljermesine uzak möhletleýin, töwekgelçilikden habarly pikirlenmegi ornaşdyrmak üçin niýetlenen amaly geljekki boljak wakalaryň üstünde oýlanma okuw tapgyryny tamamlady.

Bu başlangyç BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan BMG 2.0 boýunça zerur başarnyklara maýa goýum hökmünde amala aşyryldy, edaranyň ykdysatçysy Wladimir Waletka okuwy öňki BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) hünärmeni we häzirki wagtda BMG-niň energetika ulgamynda boljak wakalaryň üstünde oýlanma boýunça maslahatçysy Endrýu Morton bilen bilelikde geçirdi.

BMG-niň Geljegiň barlaghanasy (2023) geljekde boljak wakalaryň üstünde oýlanmany "näbellilik şertlerinde uzak möhletli we öňünden görme usulynda ulgamlaýyn pikirlenmek we hereket etmek üçin çemeleşme" hökmünde kesgitleýär. Bu çemeleşmä esaslanyp, BMG-niň Ýurt boýunça topary Durnukly Ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny we bilelikdäki iş meýilnamalaryny maglumat bilen üpjün etmek üçin, hemişelik görnüşde geljekki mümkinçilikleri we töwekgelçilikleri seljerýän ugurdaş gözden geçiriliş (horizon scanning) hem-de çalt oýlanma (rapid foresight) prosesini ýola goýdy.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Bir gezeklik tejribeden ulgamlaýyn oýlanma geçiş

Soňky 18 aýyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça topary 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýoly boýunça 2024-nji ýylyň aprelinde geçiren göçme ýygnagynda başlanan bir gezeklik geljekde boljak wakalaryň üstünde oýlanma tejribesinden, wagtal-wagtal gaýtalanýan, ulgamlaýyn seljeriş işine geçdi. Bu tejribe ýurt seljermesi boýunça topary hem-de Baha bermek we Öwrenmek topary tarapyndan tassyklandy, UNCA funksiýasynyň derejesinde işlenip düzülen Çalt Oýlanma Guraly arkaly pilot görnüşinde synag edildi we geljekdäki ýygnaklara we BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça toparynyň duşuşyklaryna yzygiderli goşmak üçin resmi taýdan tassyklanyldy. Agzalan gural üýtgeşmeleriň alamatlaryny ýüze çykarmaga, iň ejiz toparlara we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) täsirini seljermäge, şeýle-de “Eger-de … onda …” görnüşinde hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň netijelerine gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Netijeler: duýduryş signaly we mümkinçilik penjiresi

Okuw esasynda geçirilýän öňdengörüjilik seljermesi Türkmenistanyň energetika çykdajylaryna bagly ösüş ugrunyň hakyky ýagdaýlaryna esaslandy. Morton tarapyndan alnyp barlan, uglewodorod eksporty we girdejileri boýunça soňky tapgyrdaky energetika barlagy BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň geljekki deňagramlylygyny ara alyp maslahatlaşmagyna gönüden-göni goşant goşdy.

Endrýu Morton deslapky netijeler barada pikirini bildirip, şeýle diýdi: “2023–2050-nji ýyllar boýunça energiýa eksport girdejilerine aşa baglylyk we ‘nebit döwleti sindromy’ sebäpli howatyrlandyryjy ugurlaryň ýüze çykmagyna garamazdan, boljak wakalaryň üstünde oýlanma Türkmenistanda ykdysady täzeleşme üçin iki möhüm ýol açýar — ýagny ýangyç eksportuna esaslanmak bilen has täsirli döwlet çykdajylaryny ýola goýmak ýa-da ykdysadyýeti ösdürmegiň täze ugurlary boýunça diversifikasiýa geçmek we harajatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak. Iň möhüm zat — bu ýörelgeleriň ikisi hem iri syýasat üýtgeşmelerini, aýratyn hem oba ýerlerinde ýaşaýan ilat we ýaşlar üçin anyk we maksatly strategiýalary talap edýär”.

Oýlanma häzirki ösüş ugrunyň dowam etdirilip bilinmejekdigini, ýöne ýokarda agzalan ugurlar boýunça syýasy çözgütleriň geljekde täze mümkinçilikler döredip biljekdigini görkezýär.

Geljekde boljak wakalaryň üstünde oýlanma – ýurt seljermesine täzeçe çemeleşme

BMG-niň Ýurt boýunça topary üçin üçin boljak wakalryň üstünde oýlanma nazary çemeleşme däl, eýsem, subutnamalara esaslanýan has netijeli çözgüt taýýarlamak we hiç kimiň yzda galmazlygyny üpjün etmek usulydyr.

Hemişelik utgaşdyryjynyň ykdysadçysy Wladimir Waletka şeýle belleýär: «Boljak wakalaryň üstünde oýlanma usuly ulgamlaýyn pikirlenmäni ösdürýär, ileri tutulan Durnukly ösüş maksatlaryndaky geçiş ugurlarynyň arabaglanyşygyny aýdyňlaşdyrýar, iň gowşak toparlara we maliýe boşluklaryna ünsi jemleýär. Bu bolsa öňki seljermelere garanyňda has netijeli ýagdaý döredýär.»

Täze çemeleşme energetika, durmuş taýdan gorag, iş orunlary, howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, suw dolandyryşy, parahatçylyk we sanlylaşdyrma ýaly ugurlaryň biri-birine täsir edişini hem-de netijelerini göz öňünde tutup, ulgamlaýyn seljerme gurýar. Şeýle hem, ol ýaşlar, zenanlar, maýyplygy bolan adamlar, garrylar, oba hojalygy bilen meşgullanýan hojalyklar we gaýdyp gelen migrantlar ýaly toparlaryň iň uly töwekgelçiliklere duçar bolýandygyny anyk görkezýär.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Indiki ädimler

Ýurt seljermesiniň indiki tapgyrynyň tamamlanmagy bilen, BMG-niň Ýurt boýunça topary BMG-niň Ýurt seljermesi funksiýasynyň bir bölegi hökmünde Çalt Oýlanma Guralyny toparyň ýygnaklarynda we çärýeklik duşuşyklarynda bilelikdäki maksatnamalarda çözgütlere ýol görkezmek üçin ulanmagyny dowam eder. Geljekde boljak wakalaryň üstünde oýlanmanyň netijeleri — täze signallar, ugur beriji faktorlar, ýol kartalary we “Eger-de … onda …” görnüşindäki çäreler — täze Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Makasatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, howplary dolandyrmaga we DÖM-i maliýeleşdirme dialoglaryna gönükdiriler. Şeýle hem Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasy we BMG-niň Ýurt boýunça topary milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu tejribäni jemgyýetçilik guramalary, akademik guramalar hem-de ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen paýlaşmak mümkinçiliklerini öwrenýär.

BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça topary boljak wakalaryň üstünde oýlanma çemeleşmesini ulgamlaýyn ornaşdyrmak bilen, BMG 2.0 maksadyna — maglumatlara daýanan, öňüni alyjy we toplumlaýyn dolandyryş ýörelgesine — laýyklykda işleýär. Bu usul ösüş üstünlikleriniň goralmagyna, ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa edilmegine hem-de Türkmenistanda hiç kimi yzda galdyrman durnukly geljege ýol açmaga gönükdirilendir.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz