UNFPA sagdyn durmuş ýörelgesi we gender deňligi babatda meýletinçiler maksatnamasynyň jemleri boýunça seminar geçirdi
17 mart 2026
AŞGABAT, Türkmenistan, 17-nji mart 2026-njy ý. — Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy 2026-njy ýylyň 16–17-nji martynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini we gender deňligini ilerletmäge gönükdirilen meýletinçilik maksatnamasynyň çäginde geçirilen işleriň jemine seretmek we geljekki işleri meýilleşdirmek boýunça iki günlük seminar geçirdi.
Meýletinçilik maksatnamasy Türkmenistanyň «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Kanunyna laýyklykda bedenterbiýe medeniýetini kemala getirmekden, şeýle hem ýaş ýigitleri we ýetginjekleri maşgalada birek-birege sarpa goýmak gatnaşyklaryny ilerletmäge gönükdirilendir. Iki günlük seminar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2026–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.
Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda bäş welaýatdan we Aşgabat şäherinden gelen meýletinçiler hem-de tälimçiler geçen döwürde her bir şäherde alnyp barlan işleriň netijeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çärä gatnaşyjylar deňsizlige eltýän oňaýsyz jemgyýetçilik kadalaryny üýtgetmäge meýletinçiler herketiniň goşýan goşandyna seljerme berdiler we sport gurşawynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň netijeliligine baha berdiler.
Seminarda welaýatlarda okuwlar geçirilende meýletinçileriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny we böwetlerini ýüze çykarmak boýunça geçirilen interaktiw sessiýalara aýratyn üns berildi. Toplanan tejribä esaslanyp, seminara gatnaşyjylar deň mümkinçilikler we birek-birege sarpa goýmak medeniýetini ilerletmegiň täze usullaryny işläp düzdüler, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamalaryny taýýarladylar. Bu başlangyçlar ýaş oglanlary gender deňligi meselelerine has işjeň çekmäge gönükdirilendir.