Press reliz

UNICEF: COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyny saklamak ugrunda çäreleriň alnyp barylmagy bilen, çagalara zulum etmek, sütem etmek, ekspluatasiýa we zorluk howpy has ýokary

27 mart 2020

  • Täze çykan tehniki görkezme häkimiýetlere pandemiýa döwründe çagalary goramak çärelerini güýçlendirmäge ýardam berýär

Koronawirus pandemiýasy wagtynda çagalary goramak baradaky tehniki belligi ýükläň: https://www.unicef.org/documents/technical-note-protection-children-coronavirus-disease-2019-covid-19-pandemic

 

NÝU ÝORK, 2020-nji ýylyň 20-nji marty – Dünýäde ýüzlerçe million çaga COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri zerarly zorluk, jyns esasly zorluk, ekspluatasiýa, sosial taýdan aýrylmak we hossarlardan üzňe bolmak ýaly öz howpsuzlygyna we abadançylygyna abanýan howp bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. UNICEF hökümetleri keseliň barha artýan sosial-ykdysady täsiri sebäpli çagalaryň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge çagyrýar. Birleşen milletler guramasynyň Çagalar gaznasy Ynsanperwerlik meselelerinde çagalary goramak bileleşigindäki hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu çärä gatnaşýan häkimiýetlere we guramalara goldaw bermek üçin görkezmeleriň toplumyny çap etdi.



Birnäçe aýyň içinde COVID-19 dünýädäki çagalaryň we maşgalalaryň durmuşyny düýpgöter üýtgetdi. Mekdebiň ýapylmagy we hereketiň çäklendirilmegi ýaly karantin çäreleri möhüm hasap edilse-de, olar çagalar üçin adaty durmuş ýörelgelerini we çagalara goldaw beriş ulgamlarynyň işlemegini bozýar. Olar şeýle hem, işden ýüz öwürmäge mejbur boljak ene-atalar we hossarlar üçin täze stress faktorlaryny goşýarlar.



COVID-19 bilen baglanyşykly gapma-garşylyk käbir çagalary zorlugyň we psihososial bozulmalaryň öňünde has gowşak etdi. Şol bir wagtda, aýal-gyzlaryň jynsa esaslanan zerurlyklaryny we gowşak goralanlygyny göz öňünde tutmaýan gözegçilik çäreleri jynsy taýdan ekspluatasiýanyň, sütem edişiň we çaga nikalaryň howpuny ýokarlandyrýar. Mysal üçin, Hytaýdan soňky resmi däl maglumatlar maşgalada aýal-gyzlara garşy zorlugyň ep-esli artandygyny görkezýär.



UNICEF-iň Çagalary goramak boýunça global maksatnamasynyň müdiri Kornelius Willýams: "Köp tarapdan, bu kesel diňe gönüden-göni ýokaşanlara däl, eýsem ähli çagalara we ähli maşgalalara-da täsir edýär" – diýip aýtdy. – “Mekdepler ýapylýar. Ene-atalar çagalaryna ideg etmek we eklenç gazanmak üçin elinden gelenini edýärler. Çagalary goramak babatda töwekgelçilikler barha artýar. Bu gollanma hökümetlere we çagalary goramak boýunça edaralaryna şeýle howply döwürde çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin görlüp bilinjek amaly çärelere gysgaça syn berýär."



Öňki jemgyýetçilik saglygy bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlarynda hem çagalara zulum etmek we çagalary ekspluatasiýa etmek ýagdaýlary köpeldi. Mysal üçin, 2014-2016-njy ýyllarda Günbatar Afrikada Ebola wirusy ýaýran wagtynda mekdepleriň ýapylmagy çaga zähmetiniň, äsgermezlikleriň, jynsy taýdan kemsitmeleriň we ýetginjekleriň göwreliliginiň birden ýokarlanmagyna getirdi. Sierra Leoneda ýetginjekleriň göwreliliginiň ýaýramagy öňki döwür bilen deňeşdirilende iki esse köpelip, takmynan 14 000 adama ýetdi.



Bu gollanmanyň bir bölegi hökmünde, Ynsanperwerlik meselelerinde çagalary goramak bileleşigi hökümetlere we çagalary goramak edaralaryna COVID-19 pandemiýasynyň öňüni almak we ony gözegçilikde saklamak üçin çagalary goramak ugrunda anyk çäreleri görmegi maslahat berýär. Bu çäreleriň arasynda aşakdakylar getirilýär:

 

  • Saglygy goraýyş, bilim we çagalary goramak ulgamlarynyň işgärlerine COVID-19 bilen baglanyşykly çagalary goramagyň töwekgelçilikleri, şol sanda jynsy taýdan ekspluatasiýa we zorlugyň öňüni almak, şeýle hem meseleler barada howpsuz habarlaşmagyň ýollary boýunça maglumat bermek;
  • Ilkinji kömek işgärlerine jyns esasly zorlugyň (Jyns esasly zorluk boýunça kitapça)üstüni açmagy dolandyrmak we jyns esasly zorlukdan aman galanlary goldamak üçin saglygy goraýyş ulgamy bilen hyzmatdaşlyk etmek;
  • Çagalara amatly ýöriteleşdirilen ideg we beýleki goldaw hyzmatlary barada maglumat alyş-çalşygyny giňeltmek;   
  • Programmalary işläp düzmek we wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin maglumat bermek maksady bilen, COVID-19 pandemiýasynyň çagalara, esasan hem ýetginjeklere näderejede başgaça täsir edýändigini bahalandyrmaga gatnaşmagyny üpjün etmek;
  • Çagalara ahlak taýdan goldaw bermek we öz-özüňe dogry kömek etmek üçin wagtlaýyn ideg merkezlerine we maşgalalara, şol sanda esasy gazanjy çagala bolup durýan maşgalalara we ogullyga alan maşgalalara gönükdirilen goldaw;
  • Girdeji mümkinçilikleri bozulan maşgalalara maliýe we maddy kömegini bermek; we
  • Çaganyň maşgaladan aýrylmagynyň öňüni almak we hassahana ýerleşdirilmegi ýa-da ene-atasynyň ýa-da hossarynyň ölümi sebäpli gözegçiliksiz we degişli idegsiz galan çagalara goldaw bermek; we     
  • Bu kesele garşy göreş boýunça çäreleriň çäklerinde ähli çagalaryň goralmagyny üpjün etmek.

###

UNICEF barada

UNICEF dünýäde iň kyn ýagdaýdaky çagalara kömek bermek üçin, iň meseleli ýerlerde işleýär. 190 ýany ýurtda we araçäkde işläp, biz çagalar üçin, ähli adamlar üçin gowy dünýäni gurmak ugrunda işleýäris.

UNICEF -e on Twitter -de we Facebook-da ýazylyň. COVID-19 pandemiýasy barada we çagalary hem-de maşgalalary goramagyň ýollary barada has giňişleýin maglumat üçin, şu web-sahypa giriň: www.unicef.org/coronavirus

 

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Kristofer Taýdi, UNICEF Nýu Ýork, +1 917 340 3017, ctidey@unicef.org

 

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz