UNICEF: Global COVID-19 pandemiýasy wagtynda çagalarа internetde howp abanýar
16 aprel 2020
Ýakynda neşir edilen tehniki bellik hökümetlere, maglumat-kommunikasion tehnologiýalary boýunça kompaniýalaryna, mugallymlara we ene-atalara öz-özüňi izolýasiýa wagtynda çagalary goramaga ýardam bermegi maksat edinýär
Tehniki belligi şu ýerden göçürip alyp bilersiňiz.
NÝU ÝORK, 2020-nji ýylyň 15-nji apreli. UNICEF-iň we onuň hyzmatdaşlarynyň şu günki habaryna görä, COVID-19 pandemiýasy wagtynda öz-özüni izolýasiýa etmegiň dowamynda ýaşaýşy onlaýn görnüşe geçýän millionlarça çaga has ýokary howp abanýar.
«Koronawirus pandemiýasy kompýuterlere ýa-da beýleki enjamlara tomaşa etmek üçin sarp edilýän wagtyň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegine sebäp boldy» – diýip, Zorlugy ýok etmek boýunça global hyzmatdaşlygyň ýerine ýetiriji direktory Howard Teýlor aýtdy. – «Mekdepleriň ýapylmagy we ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin berk çäreler has köp maşgalalaryň çagalaryň has köp öwrenmegi, güýmenmegi we daşarky dünýä bilen aragatnaşyk saklamagy üçin tehnologiýa we sanly çözgütlere bil baglaýandyklaryny aňladýar, ýöne çagalaryň hemmesinde internetdäki howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bilimleri, başarnyklary we çeşmeleri ýok.»
Dünýäde mekdepleriň ýapylmagyndan 1,5 milliarddan gowrak çaga we ýaş ejir çekýär. Olaryň köpüsi indi internetde has köp zat öwrenýär we aragatnaşyk saklaýar. Wirtual platformalara sarp edilýän wagtyň köpelmegi internetde jynsy taýdan ekspluatasiýa we jynsy taýdan zorluga gatnaşmakdaky çagalaryň ejizliginiň ýokarlanmagyna getirip biler, çünki internet ýalançylary COVID-19 pandemiýasyny öz maksatlary üçin ulanmaga synanyşýarlar. Dostlary we deň-duşlary bilen şahsy aragatnaşygyň bolmazlygy jynsy taýdan özüne çekiji suratlary ibermek ýaly töwekgelçilik hereketine getirip biler, şol bir wagtyň özünde onlaýn ýagdaýda geçirilýän wagtyň gözegçiliksiz ýagdaýda köpelmegi çagalar üçin zyýanly zorlukly mazmunly zatlary görmek we onlaýn gorkuzmak howpuny döredip biler.
«COVID-19-yň ýaýramagy bilen bulutlanan millionlarça çaganyň ömri wagtlaýynça öýleri we elektron enjamlarynyň ekranlary bilen çäklendi. Biz olara bu täze hakykaty öwrenmäge kömek etmelidiris» - diýip, UNICEF-iň ýerine ýetiriji müdiri Genrietta Fore aýtdy. - «Biz hökümetleri we maglumat-kommunikasion tehnologiýalary boýunça kärhanalary kärhanalary güýçlendirilen howpsuzlyk mümkinçilikleri we ene-atalara we terbiýeçilere çagalaryna interneti howpsuz ulanmagy öwredip bilmäge ýardam berjek üçin täze gurallar bilen çagalaryň we ýaşlaryň internetdäki howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda birleşmäge çagyrýarys.»
COVID-19 pandemiýasy wagtynda çagalar üçin onlaýn töwekgelçiligi azaltmak ugrunda maslahat berilýän deslapky çäreler aşakdakylary öz içine alýar:
- Hökümetler tarapyndan. Pandemiýanyň dowamynda çagalaryň işine we işlemegine goldaw bermek üçin olary goramak boýunça esasy hyzmatlary goldamak; saglygy goraýyş we bilim ulgamynyň işgärleriniň COVID-19-yň çagalaryň abadançylygyna ýetirip biljek täsirine, şol sanda internetdäki töwekgelçiligiň ýokarlanmagyna maglumat beriş okuwy; Internetde çagalaryň howpsuzlygy babatynda habardarlygy ýokarlandyrmak we bilim başlangyçlarynyň gerimini giňeltmek we sosial işgärleriň, mekdepleriň, ene-atalaryň we çagalarynyň arasynda ýerli hasabat mehanizmler hem-de ýerli telefon liniýalary we gyzgyn telefonlar üçin goldaw hyzmatlarynyň belgileri barada habarlylygyny üpjün etmek.
- Sosial ulgam platformalaryny goşmak bilen maglumat tehnologiýasy pudagyndan. Onlaýn platformalarda güýçlendirilen howpsuzlyk we gorag çäreleriniň, esasanam wirtual okuw gurallarynyň, şeýle hem mugallymlar, ene-atalar we çagalar üçin elýeterliligini üpjün etmek; çagalaryň howpsuzlygy meselelerinde ugrukdyryjy hyzmatlary we telefon belgilerini öňe sürmek we goldamak; çagalaryň hukuklaryny göz öňünde tutýan adaty moderasiýa syýasaty işläp düzmek; az girdejili maşgalalardan kemçilikli çagalara elýeterliligi gowulandyrmak üçin innowasiýalary girizmek we internet birikmesini üpjün etmek bilen gurlan gorag çärelerini ulanmak.
- Mekdepler tarapyndan. Häzirki howpsuzlyk syýasatyny çagalara öýde okatmagyň täze hakykatlaryny görkezýän görnüşde täzelemek; Internetde degişli özüni alyp barşy höweslendirmek we oňa gözegçilik etmek we çagalaryň mekdebe esaslanýan maslahat beriş hyzmatlaryna dowamly elýeterliligini üpjün etmek.
- Ene-atalar tarapyndan. Çagalaryň enjamlarynda iň täze programma üpjünçiliginiň we wirusa garşy täzelenmeleriň bolmagyny üpjün etmek; çagalar bilen internetde nädip we kim bilen aragatnaşyk saklaýandyklary barada açyk gepleşik geçirmek; çagalar bilen internedi nädip, haçan we nirede ulanmalydygy barada düzgünleri kesgitlemek ugrunda işlemek; tordaky işjeňligi sebäpli çagalarda ýüze çykyp biljek stres alamatlaryna üns bermek, şeýle hem mekdep etrabynyň syýasatlary we ýerli hasabat mehanizmleri bilen tanyşmak hem-de goldaw beriş we gyzgyn telefon belgilerine elýeterlilik bermek.
###
Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bile habarlaşyň:
Hanym Helen Waýli (Helen Wylie), UNICEF Nýu Ýork, tel. +1 917 244 2215,
el. poçta: hwylie@unicef.org
UNICEF barada
UNICEF dünýäde iň kyn ýagdaýdaky çagalara kömek bermek üçin, iň meseleli ýerlerde işleýär. 190 ýany ýurtda we araçäkde işläp, biz çagalar üçin, ähli adamlar üçin gowy dünýäni gurmak ugrunda işleýäris.
UNICEF we onuň çagalar bilen baglanyşykly işi barada has giňişleýin maglumat üçin, şu web-sahypa giriň: www.unicef.org.
UNICEF-iň işi barada Twitter-de we Facebook-da gözegçilik ediň.