Türkmenistan çagalaryň irki ösüşi boýunça strategiýany durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasyny taýýarlar
21 aprel 2020
- UNICEF Türkmenistanyň Hökümetine 2020–2025-nji ýyllar üçin çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasyny hem-de gözegçilik we baha beriş ulgamyny işläp düzmekde hünärmen bilimlerini paýlaşýar.
Hereketleriň meýilnamasyny düzmekde ilkinji ädimler geçen hepde UNICEF tarapyndan milli edaralaryň wekilleriniň pudagara topary we UNICEF-iň halkara hünärmeni bilen gurnalan onlaýn maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýasy Durnukly ösüş maksatlaryna we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin umumy Gün tertibine ýetmäge ýardam berer. Bu strategiýa ýaş çagalaryň ýaşamagyny we ösmegini üpjün etmek üçin pudagara hyzmatdaşlyga gönükdirilip, ol ýaş çagalaryň terbiýesini we bilimini ileri tutýar.
Çaganyň irki ösüşi boýunça strategiýasy ösüşe ygtybarly maglumatyň kömegi bilen baha bermegiň ähmiýetini beýan edýär hem-de milli we ýerli derejede utgaşdyryş mehanizmlerini we ugurlaryny güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu ýaş çagalara we olaryň maşgalalaryna täsirli, netijeli we ýokary hilli hyzmatlary bermäge kömek eder, şeýle hem tejribe we täzelikleri alyşmagy, halkara maslahatlary we gözegçiligi ýeňilleşdirer. Netijede, has köp çagalar diri galar, doly güýç bilen öser; has köp ene-atanyň çagalara seretmegiň peýdaly usullary ulanmaga mümkinçilikleri we endikleri bolar; hünärmenler hünärlerini ýokarlandyrarlar; we çagalaryň ösmegi üçin has oňyn durmuş kadalary we ynançlar höweslendiriler.
Iýun aýyna çenli taýýar boljak Çaganyň irki ösüşi boýunça strategiýasy babatda hereketleriň meýilnamasy belli çäreleri, maksatlary, netijeleri, möhletleri hem-de gözegçilik we baha beriş ulgamyny öz içine alar. Çaganyň irki ösüşi 2021–2025-nji ýyllar aralygynda UNICEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky indiki ýurt maksatnamasynyň esasy düzüm böleginiň biri bolup galar.