Baýramçylyklaryň çäginde sergi we “Halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň möhümligi”, şeýle-de “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkezi: sebitde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrunda Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň 10 ýyllygy” atly halkara maslahatlar geçirildi.
Bäş sany Merkezi Aziýa döwletiniň Daşary işler ministrleri, BMG-niň sebitleýin wekillikleriniň hem-de Ykdysady komissiýalaryň birnäçesinden ýokary derejeli wekiller, şeýle-de BMG-niň gulluklarynyň, gaznalarynyň we maksatnamalaryň Türkmenistandaky müdirleri maslahatlara gatnaşdy.
Diňleýjileriň arasynda halkara guramalaryň wekilleri, diplomatlar, talyplar we ýaşlar guramalarynyň agzalary bolupdy.
Gatnaşyjylar bitaraplyk statusy we onuň öňüni alyş diplomatiýasy bilen özara baglanyşygy barada pikir alyşdy, çünki bu düşünjeler dünýäde syýasy durnuklylygy üpjün etmäge we özara baglanyşykly maksatlara ýetmäge üçin şertleri döredýär. Ondan başga-da, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkeziniň soňky 10 ýylda ýeten sepgitleri, onuň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy barada hem aýratyn bellendi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň we Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkeziniň öňüni alyş gurallarynyň parahatçylygy saklamakda we sebitde özara peýdaly hyzmatdaşlygy wagyz etmekde tutýan orny barada aýtdy.
BMG-niň 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-däki Rezolýusiýasyna laýyklykda, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni bolup, ol häzirki wagtda tutuş halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bellenýär. Soňabaka, 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 17-nde BMG-niň Baş Assambleýasy “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkeziniň orny” atly Rezolýusiýany kabul etdi.