18 sany döwlet ministrlikleriň ýokary derejeli wekilleri we Birleşen milletler guramasynyň gulluklarynyň baştutanlary 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 4-nde gol çekilen Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň çäginde döredilen Milli dolandyryjy we utgaşdyryjy komitetiniň ikinji maslahatyny geçirdi. Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça bu strategik resminama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2020-nji ýyla çenli bilelikdäki işi şöhlelendirip, bäş sany strategik ugry öz içine alýar: hil boýunça maglumat we ösüşe gözegçilik etmek; ýokary hilli we hemmeler üçin açyk jemgyýetçilik hyzmatlary; daşky gurşaw durnuklylygy we energiýanyň netijeliligi; iş bilen üpjünçilik, ykdysady köpdürlilik we söwda; şeýle-de häkimiýet we hukugyň hökmürowanlygy.
Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama gol çekilenden bäri, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişine we ol barada hasabat berlişe gözegçilik etmegiň mehanizmi hem düzüldi. Ol Milli dolandyryjy we utgaşdyryjy komitetinden hem-de Netijeler boýunça bäş sany topardan (maksatnamanyň bäş sany strategik ugrunyň her biri üçin) ybarat. Bu işiň netijesinde, Netijeler boýunça topar hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişinde öňegidişlikleri gazanmak üçin esasy görkezijiler barada ylalaşdy we iş meýilnamalary hem işläp düzdi.
Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň çäginde düzülen Netijeler boýunça toparyň başlyklary Milli dolandyryjy we utgaşdyryjy komitetiniň ýygnaklarynda 2016-2017-nji ýyllarda bu maksatnamanyň her strategik ugur boýunça durmuşa geçirilişiniň netijeleri hem-de 2018-nji ýyla meýilleşdirilýän işler barada aýtdy. Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň Netijeler ulgamynyň birnäçe görkezijisi ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça ylalaşyga gelindi.
Ýygnagyň barşynda, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa hyzmatdaşlygyň we maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça jogapkärçiligiň, maglumaty bermegiň, toparyň agzalarynyň yzygiderli we bilelikdäki işiniň möhümligi, şol sanda onuň kabul edilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň wagty barada aýratyn belledi.
“Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk güýçlendirmäge goşant goşan möhüm wakalar bolup geçdi. Türkmenistanyň durnukly ösüş boýunça çeşmeleriniň netijeli ýagdaýda ulanylmagyny üpjün etmek we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň iň esasy ýörelgesi bolan “ähli adamlar üçin durnukly ösüşi üpjün etmek” ýörelgesini durmuşa geçirmek maksady bilen, bu hyzmatdaşlyk geljekde-de dowam eder” diýip, hanym Ýelena Panowa belledi.