Ol ylalaşyga 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda BMG-nyň Baş kätibi Pan Gi Mun bilen Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň täze binasynda BMG-nyň ýurt boýunça edarasyna baranlaryndan soň gol çekildi.
Gol çekişlik dabarasynyň dowamynda bellenip geçilmegine görä, BMG-nyň binasy Türkmenistanyň ösüşi boýunça meseleleriň çözgütlerini gözlemegiň kuwwatly platformasyna öwrülip, hem-de şeýlelik bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň has tiz amala aşyrylmagy üçin möhüm hereketlendiriji hökmünde hyzmat eder.
Ol jaýlarda BMG-nyň Türkmenistanda işleýän ähli ägentlikleriniň durnukly ösüş ugrunda ýurduň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde goldamak üçin netijeli işleri alyp barmaga ähli mümkinçilikler döredilen. Häzirki wagtda BMG-nyň binasynda ýedi agentlik hereket edýär – BMGÖM, UNFPA, ÝUNISEF, NSJ boýunça BMG-nyň müdirligi, BSG, MHG, Bütindünýä banky we BMG-nyň howpsuzlyk we gorag departament hem-de olarda 100 töweregi halkara we ýerli işgärler zähmet çekýär.
“Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistan bilen 1993-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän köne hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna guwanýar. Bu döwrüň içinde dolandyryş, kanunyň başda durmaklygy, adam hukuklary, ykdysady ösüş, saglygy goraýyş, bilim we sosial howpsuzlyk ugurlary boýunça köp göze görünýän derejelere ýetildi” – diýip, BMG-nyň hemişelik ugtaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belläp geçdi.
Gol çekişlik dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary hem-de Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen gysga duşuşyk geçirildi we ol duşuşykda BMG-Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem BMG-nyň ösüş ulgamynyň reformasyny durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Umumy maksatlara ýetmek ugrunda gidýän iş prosesinden habarly bolmak üçin wagtal-wagtal duşuşyklary geçirip durmak hakynda çözgüt kabul edildi.