BMG Terrorçylyga garşy sebitleýin taslamany işe girizdi
30 aprel 2018
- Ýokary derejeli dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Baş Sekretaryň ýörite wekili Natalýa German tarapyndan geçirildi.
BMG-niň Terrorçylyga garşy ofisiniň Baş Sekretarynyň orunbasary Wladimir Woronkow hem-de Terrorçylyga garşy komitetiň Ýerine ýetiriji müdirliginiň Baş Sekretarynyň kömekçisi we ýerine ýetiriji müdiri Mişel Koninks ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherine bilelikdäki ýokary derejeli iş saparyny tamamlady.
Iş saparynyň birinji gününiň dowamynda jenap Woronkow Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkeziniň Baş Sekretarynyň ýörite wekili Natalýa German bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy we Türkmenistan bilen BMG-niň Terrorçylyga garşy ofisiniň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Wladimir Woronkow sebitde durnuklylygy üpjün etmek ugrunda goşýan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.
Iş saparynyň ikinji gününde jenap Koninksyň gatnaşmagynda wekilýet Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy sebitleýin taslamanyň indiki tapgyrynyň işe girizilmegine bagyşlanan ýokary derejeli dabara gatnaşdy. Bu taslama Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkezi bilen BMG-niň Terrorçylyga garşy ofisiniň çägindäki Terrorçylyga garşy merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Ýokary derejeli dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Baş Sekretaryň ýörite wekili Natalýa German tarapyndan geçirildi. Dabara bäş sany Merkezi Aziýa döwletiniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriň orunbasarlary, halkara guramalaryň sebitleýin merkezleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň wekilleri, diplomatik jemgyýet we akkreditirlenen habar beriş serişdeleri gatnaşdy.
2011-nji ýylyň noýabr aýynda bäş sany döwlet BMG-niň Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin başlangyjy işläp düzdi we ony Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy diýip atlandyrdy.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasynyň üçünji tapgyry başlanýar. “Merkezi Aziýada BMG-niň Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasyny dolulygyna durmuşa geçirmäge tarap” atly maksatnama has giň göwrümli bolup, ol umumy gyzyklanýan ugurlar boýunça potensialy kämilleşdirmek boýunça işi öz içine alýar. Bu maksatnama Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen BMG tarapyndan 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 20-ne terrorçylyga garşy meseleler boýunça Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli duşuşykda tassyklanyldy. Bu duşuşyga BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş gatnaşdy. Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy maglumat bilen tejribäni paýlaşmagyň, şeýle-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň üsti bilen sebitde terrorçylyk howplaryna garşy öňüni alyş çäreleri öz içine alýar. Täze başlangyç durmuşa geçirilende, adam hukuklary boýunça ýörelgeler hem hasaba alnar.
Dabarada Wladimir Woronkow terrorçylyk we rehimsiz ekstremizm sebäpli ýüze çykýan howpy aradan aýyrmak boýunça utgaşykly hereketleri üçin bäş sany döwlete minnetdarlyk bildirdi. Ol: “Halkara we bütindünýä derejelerde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek terrorçylyga hem-de oňa getirýän rehimsiz ekstremizme netijeli ýagdaýda garşy durmagyň esasy bolup durýar” diýip aýtdy. Ol: “Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki maksatnama sebitleriň terrorçylyk belasyna garşy bilelikde göreşmeginiň artykmaçlyklaryny beýan edýär” diýip belledi.
Terrorçylyga garşy komitetiň Ýerine ýetiriji müdirliginiň Baş Sekretarynyň kömekçisi we ýerine ýetiriji müdiri Mişel Koninks Terrorçylyga garşy komitetiň Ýerine ýetiriji müdirliginiň 2015-nji ýyldan bäri Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy komitetiniň adyndan Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwletinde baha beriş iş saparlaryny geçirendigini belledi, bu saparlaryň soňkusy 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda bolup geçipdi. Ol: “Bu iş saparlary döwletleriň terrorçylyga garşy göreş boýunça potensialy barada giňişleýin maglumaty almaga ýardam berdi we Terrorçylyga garşy komitetiň Ýerine ýetiriji müdirligine sebitiň terrorçylyga garşy göreş boýunça ýagdaýy barada umumy düşünjäni berdi” diýip belledi.
Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkezi Merkezi Aziýada bu ugurda işleýän beýleki halkara we sebitleýin hyzmatdaşlar bilen bilelikde rehimsiz ekstremizmiň öňüni almakda we terrorçylyga garşy göreşmekde sebitleýin we serhetara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berer. “Rehimsiz ekstremizmiň öňüni almakda we terrorçylyga garşy göreşmekde ünsüni jemlän şu günki çäre halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyga esaslanmaly, çünki diňe bir döwlet ýa-da döwletleriň topary şeýle ýagdaýlar bilen iş salşyp bilmeýär. Terrorçylyga we rehimsiz ekstremizme garşy durmak üçin has köp tagallalar gerek” diýip, Baş Sekretaryň ýörite wekili Natalýa German belledi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary milli strategiýalaryň üsti bilen terrorçylyga we ekstremizme garşy durmak boýunça öz döwletleriniň maksadyny we ýerine ýetirýän tagallalaryny beýan etdi.
Iş saparynyň soňunda gatnaşyjylar Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasyny we Merkezi Aziýa üçin onuň bilelikdäki maksatnamalaryny terrorçylyga garşy sebitleýin başlangyjyň täze tapgyrynyň üsti bilen durmuşa geçirmek boýunça Birleşen milletler guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan etdi.
****
Has giňişleýin maglumat üçin, şu web-sahypa girmegiňizi haýyş edýäris: www.un.org/counterterrorism