Ýygnakda Meýilnamanyň BMG-niň COVID-19-a tiz durmuş-ykdysady jogap beriş boýunça görkezmeleriniň esasynda işlenip düzülendigi we onuň Türkmenistanyň 2019-2025-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşi boýunça milli maksatnamasyna we beýleki milli ösüş maksatnamalaryna laýyk gelýändigi barada bellenildi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa: “Meýilnamanyň ilatyň we ykdysadyýetiň iň ejiz toparlaryna pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmäge kömek etmekden ybaratdygyny bellemek gerek” – diýip nygtady.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşyjylara meýilnamany durmuşa geçirmek üçin şu günki güne çenli görülýän çäreler, mysal üçin, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, jemgyýetçilik derejesinde durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak, kiçi we orta kärhanalar üçin karzlary tölemegi yza süýşürmek, sanly töleg ulgamlaryny öňe sürmek, kiçi we orta kärhanalary onlaýn hasaba almagy girizmek we ş.m barada habar berdiler.
Şeýle hem, BMG-niň guramalary Bilelikdäki iş toparynyň agzalaryna ýyllyk iş meýilnamalaryny meýilnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen deňeşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdiler, bu hem BMG-niň ýurtdaky ösüş ulgamy üçin ileri tutulýan ugurdyr. Mundan başga-da, BMG-niň Türkmenistandaky ýurt toparynyň meýilnamany durmuşa geçirmek üçin goşmaça serişdeleri toplamak ugrunda BMG ulgamynyň global başlangyçlaryna gatnaşmak boýunça işini güýçlendirendigi barada bellenildi.
Durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň tehniki utgaşdyryjysy hökmünde, BMGÖM meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin gözegçilik ulgamyny işläp düzmegi teklip etdi.
Duşuşygyň netijelerini jemläp, gatnaşyjylar Bilelikdäki iş toparynyň çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge we meýilnamanyň öz wagtynda we netijeli durmuşa geçirilmegi barada BMG-niň guramalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň we degişli ministrlikleriň we bölümleriň arasynda wagtal-wagtal geňeşmeleri geçirmäge razy boldular.