Howanyň üýtgemegine ýerli uýgunlaşmagyň hasabyna Daşoguzda we Lebapda durnuklylygy ýokarlandyrmak
12 oktýabr 2020
Howanyň üýtgemegi oba hojalygynda goşmaça kynçylyklary döredýär.
Öňünden bilmek kyn bolan suw ýetmezçiligi ýa-da ygalyň juda köp düşmegi, öň hasylly ýerleriň çölleşmegi, howa şertleriniň üýtgemegi daýhanlaryň öňlerinde goýlan meseleleri ýerine ýetirmeklerini kynlaşdyrýar. Netijede, daýhanlar oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini ekmek, ikilenç ekiş geçirmek, ekiş we hasyl ýygnamak möwsümini üýtgetmek, täze tehnologiýalardan peýdalanmak, oba hojalygynda çemeleşmeleri we pikirlenmegiň görnüşini üýtgetmek bilen häzirki howa şertlerine uýgunlaşmaly bolýarlar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ýörite gaznanyň – Bütindünýä ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň daýhanlarynyň howanyň üýtgemek şertlerine uýgunlaşmagyny goldaýan bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýärler. Durmuşa geçirilen hereketler uzak gelejekde iki welaýatyň daýhan birleşikleriniň derejesinde azyk howpsuzlygyny üpjün eder.
BMG ÖM / BEG taslamasynyň ýolbaşçysy Amangül Öwezberdiýewa şeýle gürrüň berýär: – «Biz işiň iň başynda Lebap we Daşoguz welaýatlarynda saýlanylan daýhan birleşikleriň daýhanlary bilen maslahatlaşmalara uly üns berdik. Olaryň birnäçesi üçin ekinleri ösdürip ýetişdirmek we hasyly ýygnamak kyndygy, şol wagtda-da birnäçesinde bolsa hasyl ýygnamakda mesele bolmasada, alnan hasylyň artykmaç bölegini saklap bilmeýändikleri bize aýan boldy».
Daşoguz welaýatyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalygynda daýhanlar özleriniň mellek ýerlerinde dürli ir-iýmiş we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler. Ýygnalan hasyl ýylyň bütin dowamynda maşga agzalaryň we ýerli jemgyýetiň azyk howpsuzlygyny üpjün edýär. Emma howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly mundan 10 ýyl ozal bolşy ýaly, mellek ýerlerinden alnan hasyl esasy girdeji bolmagyny bes etdi we öý hojalygynyň çäginde olar maldarçylyk bilen çalşyldy.
BMG ÖM / BEG taslamasy 2018-nji ýyldan başlap Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky oba hojalyk maglumat merkezlerinde türgenleşikleri geçirdi we howanyň üýtgemek şertlerinde oba hojalygynda täze oba hojalyk tehnologiýalaryny we innowasiýalary görkezdi. Mundan başga-da täze tehnologiýalary ulanmagy we olaryň artykmaçlyklaryny görkezmek üçin taslamanyň çäklerinde her welaýatda daýhan birleşiginiň edara binasynyň ýanynda ýyladyşhanalary gurmak karara gelindi.
«Her ýyladyşhanada 2-3 adam işlär. Biz daýhanlaryň öz saýlan azyk önümlerini öndürmegi meýilleşdirýäris» – diýip Lebap welaýatyndan ýerli utgaşdyryjy Myrat Huseýinow düşündirýär. «Daşoguz welaýatynda pomidor we hyýar, emma Lebap welaýatynda bolsa gelejekde ýerli ilatyň arasynda ýaýratmak üçin dürli gök ekinleriniň şitillerini ösdürip ýetişdirmek karara gelindi. Bize entek, gurluşygyň gutarmagyna we ilkinji hasyly almaga ýene garaşmak gerek, ýöne biz häzirki howa şertlerinde oba hojalygynda ýyladyşhanalaryň alternatiw girdeji çeşmesini emele getirýändigini we daýhan birleşikleri üçin maliýe we azyk durnuklylygyny üpjün edýändigini görkezjekdigimize ynanýarys».
Beýleki tarapdan taslamanyň oba hojalyk merkezinde okuw geçen birnäçe daýhanlar öz ekin meýdanlaryndan ýeterlik hasyl almagy başardylar we jemgyýetiň agzalaryna ýygnalan hasyly ýerleşdirmek meselesi boýunça çözgüdi teklip edip işlerini dowam etdirdiler. Lebap welaýatyndaky «Watan» we «Parahat» daýhan birleşikleriniň daýhanlary köplenç suw joşmalaryndan we gelejekde ýerli bazara paýlamak üçin ýygnalan hasyly saklamak mümkinçiliginiň ýoklygyndan kösenýärler.
«Men oba hojalyk pudagynda resmi işimden pensiýa çykanymdan soňra, öz maşgalama durnukly girdejini üpjün etmek üçin, gök ekinlerini we ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek maksady bilen 0,4 ga ýeri kärendä almak kararyna geldim. Ýöne bu meniň pikir edişimden örän kyn bolup çykdy» – diýip dört çaganyň ejesi Karýahan apa ýatlaýar. Karýahan entäk öz ýer bölegini özleşdirýänçä ol özüniň we beýleki daýhanlaryň ýygnan hasylyny saklamak meselesiniň ýüze çykýandygyny duýdy. Ol tomus möwsüminde bazarda satylmadyk gök ekinlerini we ir-iýmişler çüýreýändigine, munda bolsa esasy girdejiniň ýitirilýändigine düşündi.
Öň Karýahan taslamadan maslahat beriş kömegini aldy we grant boýunça türgenleşige gatnaşmak netijä geldi. Soňra ol grant kömegini almak üçin arza berdi we onuň «Parahat» daýhan birleşiginde ýygnalan hasyly saklamak üçin gök ekinler we ir-iýmişler ambaryny gurmak teklibi topar tarapyndan goldanyldy. Gök ekinler we ir-iýmişler ambary (60m2) 2020-nji ýylda guruldy we häzirki wagtda 600-den gowrak ýakyndaky öý hojalyklara hyzmat edýär.
«Gök ekinler we ir-iýmişler ambary bize ýygnalan hasyly saklamaga we olary ýylyň dowamynda satmaga mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin biz indi pulumyzy ýitirmeýäris we söwdamyzy ýylyň dowamynda meýilleşdirip bilýäris» - diýip Karýahan apa gürrüň berýär.
«Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly bilelikldäki taslama Lebap we Daşoguz welaýatlarynda 6 sany daýhan birleşiklerinde we 2 sany maldarçylyk hojalyklarynda dowam etdirilýär. Taslamanyň çäklerinde ýerli ýolbaşçylar bilen bilelikde we ýerli daýhanlar we maldarlar bilen maslahatlaşykdan soňra gurakçylyk we suw joşmasy, çölleşmek we çalt üýtgeýän howa şertleri ýaly howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňip geçmäge ýardam edýän ýerli uýgunlaşma meýilnamasy işlenilip düzüldi.Taslama ýerli jemgyýetiň taslamalaryny goldamak üçin grant kömeklerini teklip etmegi dowam etdirýär.
Tarapyndan ýazylan
Jahan Saparmamedowa
UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen