Press reliz

Adam söwdasy we mejbury zähmet boýunça ýygnak

26 noýabr 2020

Adam söwdasy we mejbury zähmet boýunça ýygnak Türkmenistanda UNODC-niň wekilhanasy  we USAID-yň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa boýunça Maksatnamasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 26-na geçirildi.

Duşuşyga adam söwdasyna  we mejbury zähmete garşy göreşýän adam hukuklary pudagynyň, şol sanda hem Türkmenistanyň Döwlet, Demokratiýa we Hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. UNODC-niň adam söwdasyna garşy göreşmekde bar bolan maglumatlaryny türkmen diline terjime etmek, maglumatlary we deslapky materiallary terjime etmek, uýgunlaşdyrmak we ösdürmek, adam söwdasyna garşy göreş babatynda habardarlygy ýokarlandyrmak üçin kampaniýalary we mejlisleri geçirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz