Press reliz

BMG we Türkmenistanyň hökümeti betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki iş meýilnamasyna gol çekdiler

12 dekabr 2020

  • Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we çäre görmek boýunça Hereketler Meýilnamasyna gol çekdi.

Bilelikdäki Hereketler Meýilnamasy 2015-2030-njy ýyllar aralygynda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwasyna laýyklykda pudagara sazlaşygy ýokarlandyrmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirimek boýunça işleriň depginini has-da güýçlendirmegi maksat edinýär. Şeýle hem ol 2019-njy ýylda gol çekilen adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we jogap beriş çärelerini utgaşdyrmak boýunça Türkmenistan hökümetiniň we Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň döwlet wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň özara düşünişmeklik baradaky Memorandumynyň bir bölegidir.

Bilelikdäki hereket meýilnamasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreş we dikeldiş döwründe sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ynsanperwer hyzmatlaryny ýokarlandyrmak üçin tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Milli platformany işläp düzmekdir: pul iberiş hyzmatlary, şol sanda hem sosial howpsuzlygyny ulanmak.

Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde geçirildi.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz