Teklip edilýän bilelikdäki Maksatnamanyň konsepsiýasy pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak boýunça Milli Meýilnamanyň çäginde milli hyzmatdaşlar bilen maslahatlaşyp, BMG-niň ýurt topary tarapyndan işlenip düzüldi we 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Adam Howpsuzlyk babatyndaky Gaznasyna tabşyryldy. Konsepsiýa Gazna tarapyndan tassyklandy we indiki ädim hökmünde taslamanyň doly derejede resminamasyny hödürlemek zerur bolup dur.
"BMG-niň Adam Howpsuzlyk babatyndaky Maksatlar boýunça gaznasy tarapyndan tassyklanan Bilelikdäki Maksatnamanyň konsepsiýasyny BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ykrar edilmeginiň alamatydyr" - diýip BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand belläp geçdi.
Teklip edilýän bilelikdäki Maksatnama BMG-niň dört sany agentligini bir ýere jemleýär: BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF), BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk agentligi (UNODC) we Halkara Migrasiýa Guramasy (IOM), bularyň içinde BMG-niň Ilat gaznasy esasy ýolbaşçylyk edýän agentligi hökmünde hyzmat edýär.
Bu 18 aýlyk bilelikdäki Maksatnamanyň esasy maksady, 2020-nji ýylyň iýul aýynda kabul edilen Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesel pandemiýasyna garşy durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň çäginde global pandemiýasynyň köp ölçegli töwekgelçiliklerini azaltmak üçin giňişleýin, anyk ugura gönükdirilen we öňüni alýş çeşme bolup hyzmat edýän adam howpsuzlygynyň üpjünçiligi bolup durýar. Bu maksatnama ýerli jemgyýetlerde durmuş-ykdysady çäreler Meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin ýaşlary çekmäge mümkinçilik berýär.