Press reliz

Türkmenistanda global pandemiýasynyň köp ölçegli töwekgelçiliklerini azaltmak üçin adam howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Bilelikdäki Maksatnamany işläp düzmek

02 fewral 2021

  • Türkmenistanda BMG Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde “Global pandemiýasynyň köp ölçegli howplaryny azaltmak üçin habardarlygy ýokarlandyrmak we bu ugurda alnyp barylýan işlere ýaşlary çekmek” atly täze bilelikdäki Maksatnamanyň konsepsiýasyny gözden geçirmek üçin onlaýn ýygnak geçirdi.

Teklip edilýän bilelikdäki Maksatnamanyň konsepsiýasy pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak boýunça Milli Meýilnamanyň çäginde milli hyzmatdaşlar bilen maslahatlaşyp, BMG-niň ýurt topary tarapyndan işlenip düzüldi we 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Adam Howpsuzlyk babatyndaky Gaznasyna tabşyryldy. Konsepsiýa Gazna tarapyndan tassyklandy we indiki ädim hökmünde taslamanyň doly derejede resminamasyny hödürlemek zerur bolup dur.

"BMG-niň Adam Howpsuzlyk babatyndaky Maksatlar boýunça gaznasy tarapyndan tassyklanan Bilelikdäki Maksatnamanyň konsepsiýasyny BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ykrar edilmeginiň alamatydyr" - diýip BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand belläp geçdi.

Teklip edilýän bilelikdäki Maksatnama BMG-niň dört sany agentligini bir ýere jemleýär: BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF), BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk agentligi (UNODC)  we Halkara Migrasiýa Guramasy (IOM), bularyň içinde BMG-niň Ilat gaznasy esasy ýolbaşçylyk edýän agentligi hökmünde hyzmat edýär.

Bu 18 aýlyk bilelikdäki Maksatnamanyň esasy maksady, 2020-nji ýylyň iýul aýynda kabul edilen Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesel pandemiýasyna garşy durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň çäginde global pandemiýasynyň köp ölçegli töwekgelçiliklerini azaltmak üçin giňişleýin, anyk ugura gönükdirilen we öňüni alýş çeşme bolup hyzmat edýän adam howpsuzlygynyň üpjünçiligi bolup durýar. Bu maksatnama ýerli jemgyýetlerde durmuş-ykdysady çäreler Meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin ýaşlary çekmäge mümkinçilik berýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz