Press reliz

BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komitetiniň (ESKAP) ulgamlaýyn pikirleniş boýunça tejribesi Türkmenistanyň meýletin milli synyny baýlaşdyrar

27 fewral 2019

  • Birleşen milletler guramasy Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde gazanylýan öňegidişlikler we Durnukly ösüş maksatlaryny milli meýilleşdiriş proseslerine girizmek boýunça Milli meýletin syny taýýarlamakda Hökümete goldaw bermek ugrunda BMG-niň sebitleýin ykdysady komitetleri bilen işjeň ýagdaýda işleşýär.

Şu gün BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komitetinden iki sany hünärmen dürli ministrlikleriň, hususy sektoryň we hökümete degişli däl guramalaryň wekillerinden ybarat Durnukly ösüş maksatlary boýunça iş topary üçin ulgamlaýyn pikirlenme çemeleşmesini ulanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny milli meýilnamalara girizmek boýunça okuwlary geçirdi.

Ondan başga-da, Türkmenistanda Meýletin milli syny taýýarlamak boýunça bölümara iş komissiýasynyň agzalary bilen iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Wekilýetiň çäginde, Türkmenistanyň 17 sany ýaş ilçisi bilen ýurtda Durnukly ösüş maksatlary boýunça öňegidişlikleri Meýletin milli syna girizmäge öz goşantlaryny goşmak babatda maslahatlar geçiriler.

“Biz BMG-niň ESKAP komitetinden halkara hünärmenleriň Meýletin milli syny işläp düzmek we türkmen hünärmenlerine ulgamlaýyn pikirleniş çemeleşmesi barada bilim bermek işinde bize goldaw berendikleri üçin örän şat. Bu çemeleşme Durnukly ösüş maksatlaryna bir umumylyk hökmünde garamagy göz öňünde tutmak bilen çäklenmeýär. Ol Durnukly ösüş maksatlary ugrunda raýat jemgyýeti, hususy sektor we ýaşlar bilen hyzmatdaşlygy hem göz öňünde tutýar” diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.

Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça platformany döretmek boýunça bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýär. Bu taslama dürli taraplar, şol sanda döwlet edaralary, raýat jemgyýeti, hususy sektor we BMG-niň gulluklary aşakdaky esasy üç ugur boýunça işe çekiler:

1) Durnukly ösüş maksatlary boýunça Meýletin milli syna taýýarlyk;

2) Durnukly ösüş maksatlaryny milli ösüş maksatnamalaryna we maliýe meýilnamalaryna girizmek;

3) Durnukly ösüş mkasatlary boýunça maglumat binýadyny döretmek we Durnukly ösüş maksatlary boýunça statistikany kämilleşdirmek.

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz