Press reliz

BMG, Türkmenistanyň hökümeti we ösüş hyzmatdaşlary 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün etmegiň meýilnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar

23 fewral 2021

  • Şu gün Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün etmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak we 2021-nji ýylda bilelikdäki alnyp baryljak işleriniň ileri tutulýan ugurlary barada ylalaşyga gelmek üçin onlaýn ýygnak geçirdi.

Duşuşykda milli ministrlikleriň we edaralaryň, BMG-niň agentlikleriniň we meýilnamany durmuşa geçirmek ugrunda goldaw berýän ösüş hyzmatdaşlarynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşyk 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygyň netijelerini gözden geçirmäge we 2021-nji ýylda bu Meýilnamanyň täzelenen görnüşi üçin strategiki ugurlary we maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand gutlag çykyşynda: "Meýilnamanyň ýerine ýetirilmeginde herekete giren köp sanly bilelikdäki iş, şeýle hem ähli adam, maliýe we tehniki çeşmeler Türkmenistanyň hökümetiniň, BMG-niň we ösüş hyzmatdaşlarynyň pandemiýa garşy göreşmek baradaky berk ygrarlylygynyň subutnamasy bolup durýar".

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar 2021-nji ýylda Ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün etmegiň meýilnamasynyň esasy ugurlary bilen bir hatada saglyk işgärleriniň ukybyny ýokarlandyrmak, täsirli öňüni alyş çärelerini işläp düzmek, COVID-19 pandemiýasyna garşy sanjymy bilen üpjün etmek, bejeriş protokollaryny halkara ülňülerine laýyklaşdyrmak we öňüni alyş çäreleri güýçlendirmek maksady bilen ýurda giriş nokatlarynda maglumatlaryň alyş-çalyş ulgamyny pugtalandyrmak barada çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

“2021-nji ýyl üçin täzelenen meýilnama sanjymlara, lukmançylyk hyzmatlaryna, terapewtika we laboratoriýa anyklaýyş usullaryna, bejeriş usullaryna, şeýle-de saglyk ulgamyny güýçlendirmäge we institusional mümkinçiliklerini artdyrmaga üns berip Ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün etmegiň meýilnamasynyň çäginde başlanan işleri dowam etdirmelidir" - diýip BSG-niň Türkmenistandaky wekili doktor Tasnim Atatrah aýtdy.

Ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün etmegiň meýilnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň maý aýynyň 22-ne çykaran karary bilen tassyklandy. Ol BMG-niň Baş Sekretarynyň koronawirus ýokanjyna garşy bitewi ülňüleriň çäginde döwlet we dünýä derejesinde utgaşdyrylan çäreleri işläp düzmek baradaky çakylygyna jogap hökmünde taýýarlandy.

Meýilnama adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek üçin ileri tutulýan ugurlary, strategiýalary we görülmeli çäreleri kesgitleýär, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda bu çäreleriň täsirli utgaşdyrylmagy üçin çäreleriň gurluşyny we jogapkärçiligiň paýlanyşyny beýan edýär. Mundan başga-da, meýilnama ýurduň kuwwatyna we taýýarlygyna baha bermek bilen COVID-19 garşy göreşmek üçin çäreleri kesgitleýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün etmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýylyň dowamynda yzygiderli ýygnaklary geçirmek üçin ylalaşyga geldiler.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

EBRD
European Bank for Reconstruction and Development
USAID
United States Agency for International Development
World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz