Press reliz

2021-2025-nji ýyllar üçin Jyns deňligi boýunça milli hereket meýilnamasynyň strategiki ugurlary tanyşdyryldy

17 mart 2021

  • 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Jyns deňligi boýunça milli hereket meýilnamasynyň resmi tanyşdyrylyşy şu gün Hökümet we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda ýerleşýän ofisi tarapyndan gurnalan onlaýn tanyşdyryş dabarasynda geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň halkara adam hukuklarynyň borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň agzalary, merkezi we welaýat derejesinde hökümet hyzmatdaşlary, BMG-niň gulluklarynyň we halkara ösüş guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, akademiýa, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýaşlar gatnaşdy.

Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiri jenap Nuryýew: “Türkmenistanyň Hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin Jyns deňligi boýunça milli hereket meýilnamasyny (NAPGE) kabul etdi” – diýip belledi. “Ikinji NAPGE milli we ýerli derejede adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda jyns deňligini durmuşa geçirmekde öňegidişligi dowam etdirmek üçin milli maksatlary, wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän giňişleýin syýasat resminamasydyr.”

Milli hereket meýilnamasy BMG-niň Ilat gaznasynyň goldawy bilen işlenip düzüldi. BMG-niň Zenanlara garşy diskriminasiýany ýok etmek baradaky komitetiniň jemleýji synlaryna, jyns deňligi bilen baglanyşykly beýleki halkara adam hukuklary borçnamalaryna, 2016-2020-nji ýyllar üçin ilkinji NAPGE taslamasyna baha berişiň netijelerine we Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilýän Durnukly ösüş maksatlaryna we jyns deňligi bilen baglanyşykly maksatlara esaslanýar.

“Bu ýyl COVID-19 global pandemiýasynyň başlanmagyndan bir ýyl geçdi, gynansak-da, ol jyns deňliginde gazanylan üstünlikleriň köpüsini yzyna aldy” – diýip, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. hanym Kristin Weýgand nygtady. “Jyns taýdan deňlik boýunça milli hereket meýilnamasy möhüm döwürde gelýär we global çökgünliginiň kynçylyklaryna garamazdan, ýurtdaky her bir zenanyň we gyzyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekdäki ösüşi çaltlaşdyrmaga kömek eder.”

“Jyns deňligi Hyzmatdaşlyk çarçuwasyna gowy ornaşdyryldy we ähli netijeler maýyp zenanlarda we gyzlarda, ýeke ene-atalarda, migrantlarda, ýetginjeklerde we beýleki ejiz toparlarda ünsi jemläp, durmuşyň ähli ugurlarynda zenanlaryň we gyzlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin özgerişli üýtgeşmä itergi berer” – diýip, hanym Weýgand belledi.

Täze NAPGE taslamasynyň ýedi sany strategiki ugry kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, jyns taýdan jogap berýän saglygy goraýyşy üpjün etmegi, bilime deň elýeterliligi üpjün etmegi, jyns esasly zorlugyň öňüni almagy we oňa garşy göreşi, zenanlaryň ykdysady taýdan güýçlendirilmegini; syýasy we jemgyýetçilik ölçeglerini goşmak bilen ähli derejelerde zenanlaryň gatnaşmagyny öňe sürmegi öz içine alýar. Täze meýilnama global pandemiýanyň zenanlara we gyzlara sosial-ykdysady täsirini göz öňünde tutýar we maýyp ýaş gyzlary we zenanlary goşmak bilen, hiç kimiň yzda galmazlygy üçin çäreleri beýan edýär.

2021-2025-nji ýyllar üçin NAPGE taslamasy döwlet we ýerli häkimiýetler tarapyndan gözleg institutlarynyň, raýat jemgyýeti guramalarynyň, BMG-niň gulluklarynyň, beýleki halkara guramalarynyň, şeýle hem zenanlaryň we ýaşlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçiriler.

“BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň Hökümetini milli ösüş ugrunda gün tertibinde gender deňligini ileri tutmagy bilen gutlaýar. Jyns taýdan deňlige maýa goýumlar Türkmenistanyň ykdysady ösüşine we durnukly ösüşine goldaw berer” – diýip, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ofisiniň başlygy Aýna Seýitliýewa belledi. “BMG-niň Ilat gaznasy BMG-niň beýleki guramalary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde öndürijilik hukuklaryny üpjün etmek, jyns esasly zorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, halkara ülňülerine laýyklykda hukuk binýadyny gowulandyrmak, jyns nukdaýnazaryndan maglumatlary ýygnamak we seljermek, zenanlaryň we gyzlaryň saglygyny gowulandyrmaga we durmuşdaky hukuklaryny giňeltmäge gönükdirilen maksatnamalary goldamak arkaly NAPGE taslamasynyň durmuşa geçirilmegine Hökümete goldaw bermäge taýýardyr”.

“Jyns taýdan deňlige ýetmek 2030-njy ýyl üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin zerur şert” – diýip, Durnukly ösüş maksatlarynyň alty sany ýaş ilçisi ýygnakda yglan etdi. “Biz, ýaşlar, hemmäňizi – hökümetleri, halkara guramalary, hususy pudagy we raýat jemgyýeti, gözleg institutlaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hyzmatdaşlyga çagyrýarys – diňe bilelikde 2030-njy ýyl üçin Gün tertibiniň öňegidişliklerini çaltlaşdyryp bileris.”

BMG-niň Türkmenistandaky ýurt topary Jyns deňligi boýunça milli hereket meýilnamasynyň esasy strategiki ugurlary üçin giň hyzmatdaşlygy mobilizlemegi dowam etdirer, şeýle hem sebitleýin we dünýä derejesinde bilim we tejribe alyşmagy ýeňilleşdirer.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz