Press reliz

BMG we Hökümet adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygyň strategiki ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar

24 mart 2021

  • BMG-niň Ýurt boýunça topary ýakynda Hökümet bilen adam hukuklary boýunça strategiki gepleşiklere gatnaşdy. BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylyň mart aýynyň 24-ne Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalan Türkmenistanyň adam hukuklary we ynsanperwer hukuklary babatynda borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Daşary işler ministri alyp bardy we onda Hökümetiň we Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin strategiki ugurlar kesgitlendi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň we 2021-2023-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwerlik hukuguny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen köp dilli bilim ulgamy we ÝHHG bilen ÝHHG-niň milli azlayklaryň işi boýunça Ýokary komissary bilen gatnaşygy, Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin adyl kazyýetligini döwrebaplaşdyrmak barada pikir alyşdylar.

BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. hanym Kristin Weýgand açylyş dabarada, ýola goýulan maslahatlar mehanizmini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. "Bu mehanizm hyzmatdaşlygymyza strategiki häsiýet goşýar we bilelikdäki ileri tutulýan ugurlarda ylalaşyga gelmäge we ylalaşylan meýilnamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, ol Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň esasy faktory bolan adam hukuklary boýunça meseleleri çözmek ugrunda ikitaraplaýyn ygrarlylygymyzyň subutnamasydyr we global pandemiýa garşy göreşmek we ondan soň dikelmek üçin möhümdir "- ol diýdi.

BMG-niň Ýurt boýunça topary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça birnäçe teklipleri berdi we hyzmatdaşlyk, maglumatlary döretmek, BMG-niň Baş Sekretarynyň Hereket etmäge çakylygyny durmuşa geçirmek, ylym-bilim we hukuk, BMG-niň adam hukuklary boýunça mehanizmlerinden has işjeň peýdalanmak, şol sanda ýörite proseduralar we Adalatçynyň edarasyna goldaw bermek ýaly ugurlarda ileri tutumlary bilen paýlaşdy.

Pudagara komissiýa Türkmenistanda geçirmeli çäreleriň BMG ulgamy tarapyndan berilen tekliplerini gözden geçirmäge we olary degişli milli meýilnamalarda şöhlelendirmäge ylalaşyga geldiler.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

OSCE
Organization for Security and Co-operation in Europe

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz