Press reliz

Aşgabatda saglygy goraýşy, serhedi we hereketliligi dolandyrmak boýunça Halkara Migrasiýa guramasynyň ulgamy görkezildi

12 mart 2021

  •  2021-nji ýylyň 12-nji marty, Halkara Migrasiýa guramasy giriş nokatlarynda COVID-19 garşy durmak çärelerine bagyşlanan, Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy goraýyş  guramasynyň ýurtdaky ofisi tarapyndan gurnalan webinara gatnaşdy.

Çärä Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrliginiň, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň, Raýat awiasiýasy we Deňiz ulagy gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Gatnaşyjylar pandemiýanyň ýaýramagyny ýüze çykarmak we onuň öňüni almak boýunça milli häkimiýet edaralarynyň ukybyny ýokarlandyrmak üçin BSGG we Halkara Migrasiýa guramasy tarapyndan işlenip düzülen syýasatlar we gurallar bilen tanyşdy.

Migrasiýa saglygy goraýyş boýunça hünärmen Haýme Kalderon (Halkara Migrasiýa guramasynyň Günorta-Gündogar Ýewropa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit bölümi) gatnaşyjylara Halkara Migrasiýa guramasynyň saglygy goraýşy, serhedi we hereketliligi dolandyrmak boýunça Halkara Migrasiýa guramasynyň ulgamyny görkezdi we hereketliligi goldamak hem-de saglygy goramak üçin bu ulgamy giriş nokatlarynda iş ýüzünde ulanmak babatda mümkinçilikleri häsiýetlendirdi. BSGG-niň çykyşlary COVID-19 taýýarlygy üpjün etmek we barlag-geçiriş nokatlarynda oňa garşy çäre görmek üçin BSGG-niň barlag sanawyna baha beriş guralyny ulanmaga gönükdirildi. Türkmenistanyň edaralaryndan wekilçilik edýän gatnaşyjylar barlag nokatlarynda COVID-19 garşy öňüni alyş tejribesi bilen paýlaşmaga we bu meseleler boýunça BSGG we Halkara Migrasiýa guramasy bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz