Press reliz

Ýewropa Bileleşiginiň taslamasy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Merkezi Aziýanyň hünärmenlerini taýýarlaýar

17 mart 2021

  • Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitde betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak boýunça taslamanyň çäginde Merkezi Aziýadan 16 sany tehniki hünärmen taýýarlandy.

Bu okuw dünýäde betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we olaryň öňüni almak boýunça esasy halkara şertnamasy bolan 2015-2030-njy ýyllar üçin Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwasynyň maksatlaryna ýetmek baradaky milli hasabatlylygy gowulandyrmaga gönükdirilýär. Okuw Almaty şäherindäki Adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak merkezi (CESDRR) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän taslamasyny durmuşa geçirýän Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň (UNDRR) goldawy bilen guraldy.

Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwasynyň ýerine ýetirilişi barada ýyllyk milli hasabat milli betbagtçylyklara garşy durnuklylygy döretmekde milli ösüş, zerurlyklar we ileri tutulýan ugurlar barada giňişleýin düşünje berýän gural we prosesdir. Sendaý gözegçiligi milli häkimiýetlere we halkara jemgyýetçiligine ýurtdaky betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça öňegidişlikler barada habar berýän, şeýle hem uzak möhletleýin ösüşde milli karary kabul etmegi goldaýan guraldyr.

Çäräniň dowamynda Aziýanyň betbagtçylyklara taýýarlyk merkeziniň (ADPC) Strategiki meýilleşdiriş bölüminiň müdiri jenap Bill Ho Sendaý Çarçuwasynyň hasabat işinde ýüze çykan umumy kynçylyklary beýan etdi we bu kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollaryny düşündirdi. Gyrgyzystanyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça milli platformasynyň ýolbaşçysy jenap Almabek Aýdakeýew Sendaý Çarçuwasynyň gözegçiligi boýunça görkezijiler barada hasabat bermekde Gyrgyzystan Respublikasynyň tejribesi bilen paýlaşdy.

Şu aýyň başynda Adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak merkezi Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň goldawy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda hasabat işine jogapkär milli hünärmenler - Sendaý çarçuwasynyň jogapkär wekilleri üçin birnäçe okuw sapaklaryny geçirdi. Onlaýn okuw Sendaý Çarçuwasy boýunça nazaryýet bilimlerine we onuň maksatlaryna, şeýle-de esasy hasabat guraly - Sendaý Çarçuwasynyň gözegçiligi boýunça milli maglumatlaryň aýratyn taraplaryna gönükdirildi. Her ýurt üçin aýratyn okuw we geňeşmeler her ýurda degişli meselelerde ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi.  

Adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça merkezi Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde Sendaý Çarçuwasynyň gözegçiligi boýunça sebitleýin gymmatlyklar merkezi bolup, ol sebitiň wekilleri bilen Sendaý Çarçuwasynyň gözegçiligi boýunça yzygiderli okuwlary gurnaýar we geçirýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

EU
European Union
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz