Press reliz

Milli Iş topary adam söwdasyna garşy göreşmegiň innowasion usullary bilen tanyşdyryldy

22 aprel 2021

  • Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň maliýe goldawy bilen “Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleriniň täsirini azaltmak” atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde “Adam söwdasynyň pidalaryna kömek etmek we olary goramagyň innowasion çemeleşmeleri” atly webinar geçirildi.

Webinaryň esasy maksady milli Iş topary bilen Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmak we bu ugurda häzirki zaman tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Maslahata milli Iş toparyň agzalary, ýagny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Mejlisi, Ombudsmeniň edarasy, Maliýe we ykdysadyýet ministligi, Statistika baradaky döwlet komiteti, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministligi, Döwlet migrasiýa gullugy, Goranmak ministrligi, Döwlet serhet gullugy, Içeri işler ministrligi, Baş prokuratura, Ýokary kazyýet, Döwlet gümrük gullugy, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bir hatarda “Ynam” we “Ýeňme” atly jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Seminaryň barşynda adam söwdasynyň gelip çykyşynyň global tendensiýalary, faktorlary we bu hadysa täsir edýän täze kynçylyklar, şol sanda COVID-19 pandemiýasy, şeýle hem adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemek we elektron aragatnaşygyň usullaryny ulanmak arkaly adam söwdasynyň öňüni almak we pidalary kesgitlemegiň innowasion çemeleşmesi tanyşdyryldy.  Ýokarda agzalanlar boýunça MHG-nyň halkara hünärmeni Tatýana Fomina ýyganaga gatnaşyjylary, migrasiýa ulgamynyň dolandyrylşyny özgertmek üçin degişli hökümet edaralary tarapyndan peýdalanylyp biljek, adam söwdasyna garşy göreşmekde halkara hünärmenleriniň maslahatlary we guramanyň döwrebap tejribeleri bilen tanyşdyrdy. Öz gezeginde MHG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Azat Atajanow COVID-19 pandemiýasy döwründe başga ýurtlarda galan we öz ýurduna dolanmaga çalyşýan migrantlaryň ýagdaýyny hasaba almak maksady bilen MHG tarapynda döredilen dolandyrylýan “Migrantlary Hasaba almagyň programma üpjünçiligi” (MiRA) bilen tanyşdyrdy.

Çärä gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy döwründe adam söwdasyna garşy göreşmekde häzirki zaman halkara tejribeleri bilen tanşyp, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmagy utgaşdyrmak we hyzmatdaşygy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz