Press reliz

ÝB bilen BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirliginiň taslamasy Türkmenistanda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda döwlet bilen jemgyýetiň utgaşdyrylyşyny güýçlendirýär

22 aprel 2021

  • Aprel aýynyň 22-nde Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi (UNDRR) Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça esasy gyzyklanýan taraplaryň guramalarynyň duşuşygyny geçirdi.

Gatnaşyjylar öz içine alyjy çemeleşme bilen milli utgaşdyrmakda möhüm ädim bolan betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ugrunda Milli platformany döretmek üçin ýygnandy. Bu iş COVID-19 pandemiýa çökgünliginiň we howanyň üýtgemeginiň täsirleriniň betbagtçylyga garşy göreş çärelerini tizleşdirmegiň zerurlygyny açyk görkezen möhüm pursadynda ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bölüminiň müdiri Nurly Döwletgeldiýew şeýle belledi: “Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine pudaklaýyn çemeleşme arkaly däl-de, giňişleýin çemeleşme, ýagny ýurdumyzyň ministrlikleri bilen beýleki döwlet edaralarynyň utgaşdyrylan hyzmatdaşlygy arkaly ýetip bolýar. Şunuň bilen baglylykda, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek, şeýle hem olaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça pudagara iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär”.

“Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi täze hakykatlary öz içine alýar. Ilki bilen, COVID-19 zerarly ýüze çykan global pandemiýa ýagdaýy ýeňländen soň, biz has berk bolmaly. Ikinjiden, tebigy we adam tarapyndan döredilen betbagtçylyklaryň ýaramaz üýtgemelerine we zyýanly täsirlerine jogap bermegiň ýerine, durmuş-ykdysady maksatlara we howpsuzlyga täsir edýän meselelere garaşýarys we olary çözmek ugrunda hereket edýäris, innowasiýalary we döwrebaplaşdyrmagy kabul etmek ukybyny güýçlendirýäris. Biz oňa çydamlylyk diýýäris. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky häzirki taslama, hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, Pariž klimat borçnamalaryny ýerine ýetirmek we mümkinçiliklere öwürmek üçin sebitara ekologiýa meselelerini çözmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürer we güýçlendirer. Bu ileri tutulýan ugurlar 2021-2027-nji ýyllar üçin ÝB-niň strategiýasynda galar” - diýip, Türkmenistanda ÝB-niň wekilýetiniň wekili Renata Wrobel nygtady.

BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirliginiň Sebit bölüminiň Ýewropa boýunça başlygynyň orunbasary jenap Sebastien Penzini “Türkmenistanyň Milli platformany döretmek baradaky başlangyjy betbagtçylyga garşy durnuklylyga we ilatynyň howpsuzlygyna jemgyýetiň ähli taraplaýyn çemeleşmegini üpjün etmek ugrunda ýurduň möhüm borjuny görkezýär. Ol Türkmenistanyň içinde mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagy ýaýbaňlandyrmaga goldaw berer, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygyna goşant goşar” diýip belledi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ugrunda mümkinçilikleri artdyrmak boýunça geljekki bilelikdäki çäreler barada ylalaşdy. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanda BMG-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň bir bölegidir.

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Milli platforma hökümet we jemgyýet boýunça töwekgelçiligi azaltmak ugrunda çäreleri utgaşdyrýan köp taraply milli guraldyr. Platforma milli eýeçilik we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak işine ýolbaşçylyk etmek ýaly ýörelgeleriň toplumyna esaslanýar. BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidentiň 1156 belgili kararynyň maksatlary we 2019-njy ýylda kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň esasy ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Döwlet maksatnamasy 2015-2030 ýý., 2015-2030 ýý. üçin Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi. Sendaý çarçuwaly maksatnamasy dünýädäki betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we onuň öňüni almak boýunça esasy halkara şertnamasy bolup durýar. Ondan başga-da, maksatnama Sendaý çarçuwaly maksatnamasy tarapyndan kesgitlenen maksatlara ýetmekde goldaw berýär we ugrukdyrýar.

Maglumat

ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän, Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi (UNDRR) tarapyndan durmuşa geçirilýän “Betbagtçylyga garşy durnuklylygy güýçlendirmek we Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek” taslamasy sebitiň ýurtlaryna Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmäge goldaw bermegi maksat edinýär. Taslama sebitleýin utgaşdyrmagy güýçlendirmegi, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin strategiýany işläp düzmegi, betbagtçylyklaryň ýitgilerini hasaba almagyň milli ulgamlaryny we jemgyýet derejesinde betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmagy goldaýar. Ýerli derejede bu taslama paýtagt şäherleriniň betbagtçylyga garşy strategiýalaryny işläp düzmegi goldaýar. Bu taslamany üç ýylyň dowamynda geçirmek üçin ÝB 3 750 000 ýewro bölüp berdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

EU
European Union
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz