Press reliz

Milli hyzmatdaşlar MHG-nyň “DTM” ulgamy bilen tanyşdyryldy

27 aprel 2021

  • Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan webinaryň dowamynda MHG-nyň Göçüşleri Yzarlaýyş Matrisasy (Displacement Tracking Matrix - DTM) ulgamynyň tanyşdyrylşy boldy.

2004-nji ýylda Yrakda ýurduň içinde göçüş eden adamlaryň ýagdaýlaryna baha bermek we gözegçilik etmek maksady bilen düzülen DTM-ň esasy funksiýasy ilatyň göçüşini we hereketliligini yzarlamak we gözegçilik etmekden ybaratdyr. Bu ulgam göçüş ýerine ýetiren ilatyň hereketlerine we olaryň ýüze çykýan zerurlyklaryna has gowy düşünmek üçin maglumatlary yzygiderli we kadaly esasda ýygnamak, seljermek we ýaýratmak maksady bilen döredildi. Häzirki wagtda DTM, Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň maliýe goldawy bilen “Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleriniň täsirini azaltmak” atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde, zähmet maksatly ýerine ýetirýlän göçüşleriň köp bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda, has takygy Gazagystanda, Täjigistanda we Özbegistanda durmuşa geçirilýär.

Ýygnaga Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň, has takygy Ombudsmeniň edarasynyň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Statistika barada döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar guramasynyň, Gyzylýarymaý milli jemgyýetiniň, “Ynam” we “Ýeňme” jemgyýetçilik birleşmeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

MHG-nyň DTM ulgamy boýunça halkara hünärmeni Wittorio Bruni maslahata gatnaşyjylary bu ulgamyň döredilşi, onuň iş ýüzünde ulanylşy, başga ýurtlaryň DTM bilen işleşmekdäki tejribeleri we ulgamyň hökümetler hem-de migrantlar üçin ýetirip biljek peýdalary barada aýtdy. Migrasiýa maglumatlaryny dolandyrmagyň bu täze konsepsiýasy ýygnaga gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi. Şeýle-de webinara gatnaşyjylar DTM ulgamyny döwlet derejesinde ulanmaklygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin geljekde başga duşuşyklary guramak babatynda ylalaşdylar.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz