Press reliz

Meýilnamalaşdyrylan immunizasiýa üçin waksinalaryň ilkinji tapgyry Türkmenistana gelip gowuşdy

15 mart 2021

  • Bu ýyl üçin gyzamyga, ýokanç hapgyrtma, gyzylja, täjihoraza, bürmä, gökbogma, gemofil taýajyklaryna, gepatit B we inçekesele garşy niýetlenen waksinalaryň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistana sag-aman gelip gowuşdy. Bu üpjünçilik Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-ň arasyndaky çagalar üçin esasy waksinalary getirmek boýunça bar bolan hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýar.

COVID-19 global pandemiýasy bütin dünýäde saglygy goraýyş pudagyna, şol sanda, lukmançylyk harytlaryny getirmek bilen bagly meselelere hem öz täsirini ýetirdi. Pandemiýanyň töwekgelçiligini azaltmak bilen, adamlary beýleki bar bolan kesellerden goramagy dowam etmek we çagalaryň arasynda ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin meýilnamalaşdyrylan immunizasiýany dowam etmek wajypdyr.

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa başlanyndan bäri meýilnamalaşdyrylan waksina sanjymlaryny geçirmegi işjeň dowam etdirdi, 2021-2025-nji ýyllar üçin olary satyn almak boýunça ÝUNISEF bilen ylalaşylan bäş ýyllyk meýilnamanyň çäklerinde immunizasiýanyň maliýeleşdirilmesi ep-esli  ýokarlandy. Bu meýilnama geçen ýyl gol çekildi we waksinalary satyn almak boýunça hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen  ÝUNISEF-iň arasyndaky Özara düşünişmek Ähtnamasynyň çäklerinde dowam edýär.

“Immunizasiýa - bu ilkinji lukmançylyk-sanitar kömeginiň esasy bölegidir, şeýle-de saglygy goraýyşa gönükdirip boljak iň gowy maýa goýumlaryň biridir. Keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin waksinalar möhüm  ähmiýete eýedir we olar saglygy goraýyşda global howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam berýär. Immunizasiýa uly maýa goýumlaryny goýmagyň netijesinde Türkmenistan ähliumumy üpjünçiligi gazandy we bu üstünligi şu günki gün biziň ýüzbe-ýüz bolýan saglygy goraýyş pudagyndaky global çökgünligiň dowam edýän döwründe hem dowam etdirmek wajypdyr”, diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti we ÝUNISEF COVID-19 pandemiýasy döwründe waksinalaryň kömegi bilen öňüni alyp boljak kesellere garşy göreşmek mümkinçiligini elden bermezlik üçin immunizasiýa üçin jogapkär iň wajyp gulluklar bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmegi dowam eder. Ondan başga-da, BSGG bilen birlikde ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümetine COVID-19 garşy sanjymlary geçirmek boýunça milli meýilnamany işläp düzmäge goldaw berýär, milli we halkara hyzmatdaşlar bilen birlikde ony durmuşa geçirmäge hem ýardam eder.

Selbi Hanowa

Selbi Hanowa

UNICEF
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça işgäri

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz