Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” başlangyjy bilen Türkmenistanyň işewürlik gurşawyny gowulandyrmak
05 maý 2021
- Türkmenistandaky kärhanalar Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” başlangyjy bilen gurnalan çäreler arkaly giňeldilen eksport we täze söwda mümkinçiliklerinden peýdalanar.
Bu taslama bilen Ýewropa Bileleşigi (ÝB), Halkara Söwda merkezi we milli hyzmatdaş guramalar birleşip, ösen sebitara we halkara söwdanyň üsti bilen Türkmenistanyň öz içine alyjy we durnukly ykdysady ösüşine möhüm itergi berdi. “Ready4Trade” başlangyjy elektron söwda arkaly bazarlary diwersifikasiýa etmegiň, käbir söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň we söwda üçin iň berk päsgelçilikleri ýeňletmek arkaly Türkmenistana ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň üsti bilen goldaw bermegi maksat edinýär.
“Ready4Trade” başlangyjynyň hereket meýilnamasy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan resmi taýdan tassyklandy. Bu içerki tassyklama işine 20-den gowrak döwlet edarasy we jemgyýetçilik guramasy gatnaşdy.
Ýokary derejeli derňew
2021-nji ýylyň maý aýynyň 5-ne geçirilen ýokary derejeli onlaýn çäräniň dowamynda gyzyklanýan taraplar “Ready4Trade” taslamasynyň ilkibaşdaky netijeleri gözden geçirdi we indiki ädimlerini meýilleşdirdi. Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministriniň orunbasary jenap Begenç Goçmollaýew, ilçi, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň başlygy Onuň Alyhezreti jenap Diýego Ruiz Alonso we Halkara Söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktory we Birleşen milletler guramasynyň Baş sekretarynyň kömekçisi hanym Pamela Kok-Hemilton boldy.
Ilçi, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň başlygy Diýego Ruiz Alonso şeýle belledi: “Ýewropa Bileleşigi hususy sektoryň oňyn özgerişleriň hereketlendirijisi, jemgyýeti geljege alyp barmak başlangyçlarynyň çeşmesi hökmünde islendik ýurduň ösüşiniň merkezinde bolmalydygyna ynanýar . Ýewropa Bileleşigi öz çäklerimizde ulanýan şol gymmatlyklarymyzy öňe sürmegi we hyzmatdaşlarymyz bilen Ýewropa Bileleşigini gurmak prosesinde alnan tejribeleri we sapaklary paýlaşmagy isleýär”.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekili Serdarnepes Annenepesow şeýle nygtady: “Peýdany alýan ownuk we orta kärhanalar işlerine oňyn täsir edýän taslama goldawyndan hoşal. Esasan hem eksporty dolandyryş tälimçileri kompaniýalara hakyky meseleleri çözmäge kömek edýär. Ownuk we orta kärhanalar Halkara Söwda merkeziniň bazary derňew gurallary ýaly köp sanly söwda maglumat çeşmeleri üçin Halkara Söwda merkezine hem minnetdarlyk bildirýär”.
Halkara Söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktory we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň kömekçisi Pamela Kok-Hemilton şeýle aýtdy: “Bu ägirt uly taslama Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwda bilen alnyp barylýan ösüşi ýokarlandyrmak üçin täzeden edilýän tagallalary görkezýär. Halkara Söwda merkezi ykdysady ösüşe has öz içine alyjy we dowamly çemeleşmäni goldamak ugrunda Türkmenistanyň Hökümeti we işewürlik jemgyýeti bilen işlemekden hoşal. Taslama söwdany ýeňilleşdirmek we elektron söwda ýaly strategiki ugurlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen, Türkmenistan tarapyndan kesgitlenen ösüş strategiýasyna laýyk gelýär”.
Bu derňewiň dowamynda gatnaşyjylar aşakdakylary ara alyp maslahatlaşdy:
- Türkmenistanyň aýratyn zerurlyklaryna taslamanyň çemeleşmesini uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik beren 6 aýlyk başlangyç tapgyryndan alnan netijeler.
- 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlanan durmuşa geçiriş tapgyrynyň ilkinji 10 aýynda Türkmenistanda gazanylan netijeler.
- Taslamanyň Türkmenistanyň gurşawyna has laýyk görnüşde öňe gitmegini üpjün etmek ugrunda geljekki işler.
Iki sany esasy ugur: söwdany ýeňilleşdirmek we elektron söwdasy
Maksatlaryna ýetmek üçin, “Ready4Trade” başlangyjy serhetaşa talaplarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrar, söwda resmileşdirmelerine we ülňülerine laýyk gelmek üçin işewürlik mümkinçiliklerini güýçlendirer we serhetaşa elektron söwdasyny ösdürer. Çäreler iki sany esasy ugur boýunça gurnalýar:
Söwdany ýeňilleşdirmek:
Söwdany ýeňilleşdirmek boýunça reformany girizmek çykdajylary azaltmak bilen serhetaşa söwda amallarynyň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanyň ykdysadyýetine ep-esli täsir edip biler. “Ready4Trade” başlangyjy serhetaşa kadalaşdyryjy talaplaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmak üçin Söwdany ýeňilleşdirmek boýunça portalyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berýär. Bu onlaýn platforma belli bir haryt eksport edilende ýa-da import edilende söwdagärleriň berjaý etmeli söwda proseduralary barada anyk, takyk we iň täze maglumatlary berýän bir nokatly dükan bolup hyzmat eder. Milli düzgünleriň we proseduralaryň aç-açanlygyny üpjün etmek bilen, Portal söwdagärleriň söwda resmileşdirmeleri barada maglumat gözlemekleri üçin wagtyny we çykdajylaryny azaltmak bilen çäklenmän, Türkmenistanda serhet gurşawy üçin amatly özgertmeleri girizmek üçin esas döredýär. Mundan başga-da, taslama kärhanalaryň söwda babatda resmi talaplara we ülňülere boýun bolmak ukybyny güýçlendirer we halkara söwdasyna gatnaşmak boýunça zenanlaryň endiklerini we ynamyny ýokarlandyrar.
Elektron söwdasy:
Sanly mümkinçilikli söwda ykdysady ösüşe itergi berýär we ýaşlar, zenanlar we garyp jemgyýetleri üçin iş ýerleri döredýär. Şeýle hem, ol ownuk we orta kärhanalara halkara derejesinde täze bazarlara ýetmäge kömek edip biler. “Ready4Trade” başlangyjy täze bazarlary kesgitlemekde we milli, sebitleýin we halkara derejede söwda etmekde ownuk we orta kärhanalara goldaw berýär. Oflaýn ownuk we orta kärhanalary sanly gurşawda barlygy döretmek üçin aýratyn kömekden peýdalanýar, sanly gurşaw taýdan has ösen ownuk we orta kärhanalary bolsa görnükliligi ýokarlandyrmak we häzirki hödürleýän tekliplerini gowulandyrmak üçin goldaw alýar. Işewür birleşikleriň agzalary elektron telekeçilik okuwlaryndan we habarlylygy ýokarlandyrmak çärelerinden peýdalanýarlar.
Ondan başga-da, “Ready4Trade” başlangyjy Türkmenistanyň ownuk we orta kärhanalaryna global pandemiýa kontekstinde ýüze çykýan kynçylyklary çözmäge we ösýän ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagyna uýgunlaşmaga kömek eder. Bu täze hakykatlardan soň, “Ready4Trade” başlangyjynyň hereket meýilnamasy has möhüm orna eýe boldy.
Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Bütindünýä Söwda guramasynda synçy statusyny saklamak bilen, Türkmenistan Halkara Söwda merkezi we Bütindünýä Söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy kesgitleýän 2021-2030-njy ýyllar üçin täze Daşary söwda strategiýasyny kabul etdi. “Ready4Trade” taslamasy Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna goşulmagyna taýýarlyk görmekde Hökümete başlangyç goldawy bermäge taýýardyr.
Türkmenistan Halkara Söwda merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýän, ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ready4Trade” taslamasynyň durmuşa geçirilýän bäş sany ýurdunyň biridir.
Has giňişleýin maglumat şu salgyda: intracen.org/ready4trade/
Baglanyşykda boluň: #Ready4Trade #CentralAsia
“Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasy bilen Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we Halkara Söwda merkezi sebitdäki sebitara we halkara söwdany ösdürmek arkaly Merkezi Aziýanyň umumy durnukly we öz içine alyjy ykdysady ösüşine goşant goşmak üçin birleşýärler. “Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasyndan peýdalanýanlaryň arasynda hökümetler, kiçi we orta kärhanalar, esasan hem zenanlaryň dolandyrýan kärhanalary, şeýle-de telekeçiligi goldaýan guramalar bar. Taslama 5 sany ýurtda durmuşa geçirilýär: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.
Halkara Söwda merkezi barada - Halkara Söwda merkezi Bütindünýä Söwda guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilelikdäki edarasydyr. Halkara Söwda merkezi ösýän we geçiş ykdysadyýetli ýurtlarda kiçi we orta kärhanalara dünýä bazarlarynda has bäsdeşlige ukyply bolmaga kömek edýär, we şeýlelik bilen Söwda ýardam beriş gün tertibiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatnamalarynyň çäginde durnukly ykdysady ösüşe goşant goşýar.