Press reliz

Konteýnerler boýunça dolandyryş maksatnamasy Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleriniň strategiki söwda we eksport gözegçiligi baradaky bilimlerini güýçlendirýär

03 maý 2021

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça sebitleýin edarasy BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça gullugy bilen Bütindünýä Gümrük guramasynyň arasynda Konteýnerler boýunça Bütindünýä Dolandyryş Maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler üçin Strategiki söwda we eksport gözegçiligi boýunça onlaýn milli okuwynyň 2-nji tapgyryny geçirdi. 

Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri, Aşgabat şäherindäki Halkara Gümrük terminalynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň port gözegçiligi bölümleriniň agzalary strategiki söwda we eksport gözegçiligi, şeýle-de gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullary boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň bilimlerini we başarnyklaryny güýçlendirmek maksady bilen bäş günlük onlaýn okuwa gatnaşdy. Bu okuw 2020-nji ýylda Türkmenistan üçin Strategiki söwda we eksport gözegçiligi boýunça onlaýn milli seminarynyň 1-nji tapgyrynyň dowamy we 2021-nji ýylda Türkmenistan üçin uzak aralykdan Konteýnerler boýunça dolandyryş maksatnamasynyň okuw çäreleriniň iş meýilnamasynyň bir bölegi boldy.

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça gullugynyň maksatnamanyň sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Batyr Geldiýew açylyşda sözlän sözünde COVID-19-yň dünýäde ýaýramagy zerarly, Konteýnerler boýunça dolandyryş maksatnamasynyň çäginde doly okuwyň mümkin däldigini we şol bir wagtyň özünde guramaçylykly jenaýat toparlary tarapyndan ýük üpjünçilik zynjyryny bikanun maksatlar üçin ulanmagyň öňüni almak we maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň dowamlylygyny üpjün etmek üçin, Konteýnerler boýunça dolandyryş maksatnamasynyň okuw strategiýasy onlaýn okuw we uzakdan okadylyşy gurnamagyň üsti bilen, häzirki ýagdaýa uýgunlaşdyryldy.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasyndan Konteýnerler boýunça dolandyryş maksatnamasy boýunça jogapkär işgär Kerim Berdiýew Konteýnerler boýunça dolandyryş maksatnamasynyň goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi we COVID-19 pandemiýasyna we sebitdäki söwda dolanyşygynyň peselendigine garamazdan, Türkmenbaşy halkara deňiz portundaky port gözegçiligi bölümleri bilen Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ep-esli artandygy barada belledi.

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça gullugynyň tejribeli tälimçisiniň ýolbaşçylygynda, gatnaşyjylar milli we halkara derejesinde howp hökmünde strategiki harytlaryň bikanun söwdasy we bütin dünýäde gümrük administrasiýalary üçin barha artýan kynçylyklar baradaky bilimlerini has hem artdyrdy. Okuwyň netijesinde gatnaşyjylar töwekgelçilikleri kesgitlemek we strategiki önümleri ýüze çykarmak boýunça bilimleri artdyrdy, şeýle hem toparlaýyn ýumuşlar arkaly amaly endikleri ýokarlandyrdy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz