Press reliz

Almaty prosessiniň ýokary derejeli wekilleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi

26 maý 2021

  • 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Istanbulda geçirlen Almaty prosessiniň ýokary derejeli wekilleriniň 6-njy duşuşygyna wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Bu duşuşyk Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça kiçi-sebit edarasy tarapyndan guraldy.

Seminara Türkmenistan bilen bir hatarda Almaty Prosessiniň agza we synçy döwletleriniň milli utgaşdyryjylary we ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň şeýle-de BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň we Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary derejeli wekilleriň duşuşygynyň maksady Almaty Prosessine başlyklyk edýän Türkiýe Respublikasynyň garaýşy we strategiýasy bilen tanyşdyrmak, 2021-2022-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny tassyklamak, maliýeleşdirmegiň şertleri boýunça karary kabul etmek, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinde kadalaşdyrylmadyk migrasiýanyň depginlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Duşuşygyň esasy maksady bolsa Almaty Prosessini maliýeleşdirmegiň mehanizmini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Şeýle-de ýyganaga gatnaşyjyar migrasiýany dolandyrmak, sebitdäki adamlaryň herketliligi we zähmet migrasiýasy barada garaýyşlaryny we pikirlerini beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet wekilleri Almaty Prosessiniň çäklerinde kadalaşdyrylmadyk migrasiýa, migrantlaryň bikanun getirilmegine garşy göreşmek we sebitdäki adamlaryň hereketliliginiň ösmeginiň mümkin bolan sebäplerini we netijelerini, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde kadalaşdyrylmadyk migrasiýanyň ýollaryny öwrenmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň gerekdigini nygtadylar.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz