Duşuşyga ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri we Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygy we jogap çäreleri meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini goldaýan BMG-niň agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda gazanylan üstünlikler, şeýle hem sanjym, ylmy-barlag innowasiýalaryň esasy ugurlarynyň çäginde edilen işler we geljekki meýilleşdirilen çäreler barada pikir alyşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar öňe gidişligiň dogry utgaşdyrylmagynyň we yzygiderli gözegçilik edilmeginiň Milli meýilnamanyň durmuşa geçirilmegine tutuş hökümetiň we tutuş jemgyýetiň gatnaşmagyny we bu ugurdaky edilýän işlerde umumy üstünligiň gazanylmagyny üpjün etmek üçin möhüm şertler bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Özüniň gutlag çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weigand köptaraplaýyn, ikitaraplaýyn guramalaryndan we halkara maliýe guramalaryndan ösüş boýunça hyzmatdaşlaryna işjeň gatnaşandyklary we gazanylan üstünliklere goşant goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ol: “Bu hakykat, “maglumat, ylmy bilimler we öňdebaryjy tejribeler alyşmak arkaly we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan maslahat berilýän degişli ýol görkeziji ýörelgeleri ulanmak arkaly pandemiýanyň öňüni almak, onuň täsirini gowşatmak we ony ýeňmek üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge” çagyrýan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Global raýdaşlyk baradaky jarnamasyny durmuşa geçirmegiň aýdyň mysaly boldy", diýip belleýär.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygy we jogap çäreleri meýilnamasynyň 2021-nji ýyl üçin esasy ölçeglerini ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda saglyk işgärleriniň kuwwatyny ýokarlandyrmak, netijeli öňüni alyş çärelerini işläp düzmek, COVID-19 garşy sanjym çäreleri, bejeriş protokollaryny halkara ülňülerine laýyklaşdyrmak we giriş nokatlarynda çäreleri güýçlendirmek barada maglumat alyş-çalşygyny tizleşdirmek.
Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygy we jogap çäreleri meýilnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda çykaran karary bilen tassyklandy. Bu meýilnama BMG-niň Baş sekretarynyň koronawirus ýokanjyna garşy bitewi ülňüleriň çäginde utgaşdyrylan çäreleri ýurt we dünýä derejelerinde işläp düzmek baradaky çagyryşyna jogap hökmünde taýýarlanyldy.