Press reliz

ÝUNISEF hökümetiň ýokanç kesellere gözegçiligi güýçlendirmek boýunça tagallalaryny goldaýar

10 iýun 2021

  • Ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyň we seslenmäniň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine ýardam bermegiň çäklerinde ÝUNISEF ýaňy-ýakynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine lukmançylyk enjamlaryny getirdi.

ÝUNISEF özüniň global üpjün ediş bölüminiň üsti bilen ýokanç kesellere netijeli gözegçiligi güýçlendirmek we galyndylara howpsuz çemeleşmek maksady bilen biologiki howply galyndylar üçin 17 000 sany torbany we 15 000 sany howpsuzlyk gutularyny, şeýle hem intensiw terapiýanyň pediatriýa bölümleriniň enjamlaşdyrylmagy üçin 2 000 sany çaga tonometrlerini satyn aldy.

2020-nji ýylyň başynda pandemiýa garşy hereket edilip başlanandan bäri, ÝUNISEF we hyzmatdaşlar ýaşaýyş üçin ähmiýetli üpjün etmeleri we maliýe/tehniki hemaýaty üpjün etmekde 153 ýurda we çäklere kömek etdiler; saglygy goraýyş, iýmit, bilim, çagalaryň goragy, suw üpjünçiligi, arassaçylyk we gigiýena çygyrlarynda 261 million çaga ýaşaýyş üçin wajyp hyzmatlary etdiler.

“Ilkinji nobatda zerur bolan bu predmetler öňdebaryjy lukmançylyk işgärlerine ýokanjyň öňüni almaklygy we galyndylar bilen howpsuz çemeleşmegi üpjün edip, hem-de şonuň bilen ýurduň pandemiýanyň öňüni almak boýunça tagallalaryna we sanjym etmek işleriniň howpsuz geçirilmegine kömek edip, özleriniň gündelik wezipelerini ýerine ýetirmekligi dowam etmäge ýol berer” – diýip, ÝUNISEF wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy. “ÝUNISEF esasy lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň üznüksizligini üpjün etmekde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygyny dowam eder”.

ÝUNISEF taýýarlygyň we seslenmäniň milli meýilnamasynyň, şeýle hem ýiti ýokanç kesele garşy göreş boýunça Türkmenistandaky tiz durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmegiň çäklerinde çagalar üçin möhüm hyzmatlary etmegiň üznüksizligini üpjün etmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldawyň edilmegine aýratyn ünsi bermekligini dowam eder.

Mahriban Seytliyeva Project Assistant WHO Turkmenistan

Mähriban Mullabaýewa

UNICEF
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz