BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk müdirliginiň Dünýäde neşe serişdeleri boýunça 2021-nji ýylyň hasabaty: pandemiýanyň netijeleri neşe serişdeleri bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ýokarlandyrýar, çünki ýaşlar kannabisiň howplaryna pes baha berýär
25 iýun 2021
- BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk müdirliginiň Dünýäde neşe serişdeleri boýunça 2021-nji ýylyň hasabatyna laýyklykda, geçen ýyl dünýäde 275 million adam neşe serişdelerini ulanypdy, 36 million adam bolsa neşe serişdelerini ulanmak bilen baglanyşykly kesellerden ejir çekdi.
Ondan başga-da, hasabatda kannabisi ýygy-ýygydan we köp ulanýanlaryň arasynda ony ulanmagyň saglyga zeper ýetirýändigi barada subutnamalara garamazdan, soňky 24 ýylyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde kannabisiň güýjüniň 4 gezek artandygy, şeýle-de bu neşe serişdesini howply hasaplaýan ýetginjekleriň sanynyň 40 göterime peselendigi barada bellenilýär. Geçen ýyl Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda 1510000-den gowrak adamyň azyndan bir gezek kannabisi ulanandygy hasaplanýar.
“Neşe serişdelerini ulanmagyň töwekgelçiligi barada has pes düşünje neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň has ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydyr we BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk müdirligi Dünýäde neşe serişdeleri boýunça 2021-nji ýylyň hasabatynyň netijeleri ýaşlara bilim bermek we jemgyýetiň saglygyny goramak üçin düşünje bilen hakykatyň arasyndaky boşlugy aradan aýyrmagyň zerurdygyny görkezýär.” – diýip, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory Ghada Waly belledi.
“2021-nji ýylyň Halkara neşe serişdelerine we bikanun gaçakçylyga garşy göreş gününiň mowzugy “Neşe serişdelerine degişli maglumatlary paýlaşyň. Ýaşaýyşlary halas ediň” – diýip, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Aşita Mittel belledi.
Ol halkara jemgyýetçiliginiň, hökümetleriň, raýat jemgyýetiniň, maşgalalaryň we ýaşlaryň habarly kararlary kabul etmegi, neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak we bejermek ugrunda tagallalary berkitmek we dünýädäki neşe meselelerini çözmek üçin subutnamalar binýadyny berkitmegiň we jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Mundan başga-da, ýurtlaryň köpüsinde pandemiýa döwründe kannabisiň ulanylyşynyň köpelendigi habar berildi. 77 ýurtda saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda geçirilen gözleglerde olaryň 42 göterimi kannabisiň ulanylyşynyň artandygyny aýtdy. Şol döwürde derman önümleriniň lukmançylyk däl maksatlary üçin ulanylyşy artdy.
Neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň köpelmegi, ýöne ylmy subutnamalara esaslanýan has amatly bejergi
2010-njy we 2019-njy ýyllar aralygynda dünýä ilatynyň köpelmegi sebäpli neşe serişdesini ulanýanlaryň sany 22 göterime ýokarlandy. Diňe demografiki üýtgeşmelere esaslanyp, häzirki çaklamalar 2030-njy ýyla çenli dünýäde neşe serişdelerini ulanýanlaryň sanynyň 11 göterim, Afrikada bolsa çalt ösýän we ýaş ilaty sebäpli 40 göterim artjakdygyny görkezýär.
Iň soňky global hasaplamalara görä, 15 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky ilatyň takmynan 5,5 göterimi soňky ýylda azyndan bir gezek neşe serişdesini ulandy, 36,3 million adam ýa-da neşe serişdesini ulanýanlaryň 13 göterimi neşe bilen baglanyşykly kesellerden ejir çekýär.
Bütin dünýäde 11 milliondan gowrak adamyň neşe sanjym edýändigi çak edilýär, olaryň ýarysy C gepatit bilen ýaşaýar.Opioidler neşe bilen baglanyşykly iň uly kesel bolmagynda galýar.
Opioid ulanmagyň bozulmalary bolan adamlary bejermek üçin köplenç ulanylýan iki derman opioidi - metadon we buprenorfin soňky iki onýyllykda has elýeterli boldy. Lukmançylyk taýdan ulanmak üçin elýeterli mukdary 1999-njy ýyldan bäri alty esse artyp, gündelik 557 million dozadan 2019-njy ýyla çenli 3,317 milliona ýetdi, bu bolsa subutnamalara esaslanýan farmakologiki bejergileriň öňki döwürlere garanyňda has elýeterdigini görkezýär.
Darknet
Darknetde neşe bazarlary on ýyl mundan ozal ýüze çykypdy, ýöne esasy bazarlarynyň ýyllyk satuwy azyndan 315 million dollara barabar. Bu neşe söwdasynyň umumy mukdarynyň diňe ujypsyzja bölegi bolsa-da, onuň ýokarlanmak tendensiýasy bar: 2011-nji ýyldan 2017-nji ýylyň ortalaryna, 2017-nji ýylyň ortalaryndan we 2020-nji ýyla çenli dört esse artar.
Tiz tehnologiki täzelikler, neşe serişdelerini we beýleki maddalary satmak üçin täze platformalary ulanýanlaryň çeýeligi we uýgunlaşmagy bilen birlikde, ähli neşe serişdeleriniň has elýeterli boljak globallaşan bazaryna ýol açar. Hasabatda aýdylmagyna görä, bu, öz gezeginde, neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň çalt üýtgemegine we ilatyň saglygyna täsir edip biler.
Merkezi Aziýada darknet arkaly neşe söwdasy hem çalt ösýär. 2020-nji ýylda diňe Gazagystanda 1103 sany neşe ýaýradyş sahypasy bloklandy we internetde neşe serişdeleriniň ýaýradylyş çeşmelerine salgy berýän 5000-den gowrak graffiti aýryldy.
Neşe bazaryndaky dikeldiş we üýtgeşmeler
Täze hasabatda pandemiýanyň başynda ilkinji näsazlykdan soň neşe bazarlarynyň çalt herekete başlandygy görkezilýär; bu dünýä neşe bazarynda öňden bar bolan ýörelgeleri döreden ýa-da çaltlaşdyran ösüş. Bularyň arasynda bikanun neşe serişdeleriniň iberilişiniň sanynyň köpelmegi, neşe serişdelerini ýaýratmak üçin ulanylýan gury ýer we suw ýollarynyň ugurlarynyň ýygylygynyň artmagy, neşe söwdasy üçin hususy uçarlaryň ulanylmagy we ahyrky ulanyjylara neşe serişdelerini ibermegiň galtaşyksyz usullarynyň köpelmegi degişlidir.
Pandemiýa döwründe neşe bazarlarynyň çydamlylygy jenaýatçylaryň üýtgeýän şertlere çalt uýgunlaşmak ukybyny ýene bir gezek görkezdi.
Dünýä bazarynda peýda bolýan täze psihoaktiw maddalaryň (NPS) sany 2013-nji ýylda 163-den 2019-njy ýylda 71-e çenli azaldy. Bu Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň tendensiýalaryny görkezýär. Netijeler milli we halkara gözegçilik ulgamlarynyň NPS-iň on ýyl mundan ozal ilkinji gezek peýda bolan ýokary girdejili ýurtlarda ýaýramagynyň çäklendirilendigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýada bikanun bazarda NPS we sintetiki dermanlar köpeldi, diňe 2020-nji ýylyň awgust aýyna çenli sebitde 119 sany NPS hasaba alyndy.
COVID-19 pandemiýasy neşe jenaýatçylaryny täze ýagdaýa uýgunlaşmaga we Merkezi Aziýada neşe serişdelerini sarp edijilere (poçta bukjalary we galtaşyksyz usullar) eltmegiň beýleki usullaryny girizmäge, şeýle hem karantin we COVID-19 bilen baglanyşykly beýleki çäklendiriji çäreler sebäpli, Merkezi Aziýa ýurtlarynda neşe jenaýatçylygy wagtlaýyn azaldy.
Neşe serişdeleriniň töwekgelçiligi, pandemiýa sebäpli ýüze çykan täze ýokarlanmalar
COVID-19 has çeýe hyzmat beriş nusgalary arkaly neşe serişdeleriniň öňüni alyş we bejeriş hyzmatlarynda innowasiýa we uýgunlaşmaga itergi berdi. Köp ýurt pandemiýa garşy telemedisina hyzmatlaryny hödürledi ýa-da giňeltdi, bu neşe serişdesini ulanýanlar üçin saglygy goraýyş işgärleriniň indi telefon arkaly maslahat ýa-da başlangyç baha berip biljekdigini we gözegçilik edilýän maddalary bellemek üçin elektron ulgamlaryny ulanyp biljekdigini aňladýar. Milli habarlara görä, 2020-nji ýylda Merkezi Aziýada 39,000 neşe serişdesini ulanyjy hasaba alyndy we olaryň 6 göterimini zenanlar düzýär.
COVID-19-yň neşe meselelerine edýän täsiri entek doly düşnükli bolmasa-da, seljeriş pandemiýanyň ykdysady kynçylyklaryň köpelmegine sebäp bolandygyny, bu bolsa neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagynyň ejiz oba jemgyýetleri üçin has özüne çekiji bolup biljekdigini görkezýär. Pandemiýanyň sosial netijeleri - esasan hem ejiz ilatyň arasynda ýokarlanýan deňsizlik, garyplyk we akyl bozulmalary has köp adamy neşe serişdesini ulanmaga iterip biljek faktor bolup durýar.
***
Dünýäde neşe serişdeleri boýunça 2021-nji ýylyň hasabaty we mazmuny şu ýerden tapyp bilersiňiz: https://wdr.unodc.org/
Dünýäde neşe serişdeleri boýunça 2021-nji ýylyň hasabaty COVID-19 pandemiýasynyň bolup biljek täsirlerini göz öňünde tutup, opiatlaryň, kokainiň, kannabisiň, amfetamin görnüşli gyjyndyryjylaryň we täze psihoaktiw maddalaryň (NPS) üpjünçiligi we olara bolan isleg, şeýle-de olaryň saglyga edýän täsiri barada global syn berýär.
* *** *
Has giňişleýin maglumat we söhbetdeşlik haýyşlary üçin
aşakdakylar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:
Şahnoza Zafari
Aragatnaşyk we daşarky gatnaşyklar bölüminiň işgäri
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit bölümi
Telefon: (+998) 78 1208050
E-poçta: Shakhnoza.zafari[at]un.org