Türkmenistanda inçekeseli bejermek üçin täze bejeriş usullaryny ulanýarlar
21 iýun 2021
- 2021-nji ýylyň fewral aýyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, BSGG-niň goldawy bilen ýurtda geçirilýän amaly gözleg işleriniň çäklerinde inçekeseli bejermek üçinüýtgedilen gysga möhletleýin bejeriş düzgünlerini üstünlikli ornaşdyrýar.
Ýewropada BSGG-nyň bilermenleri we ministrligiň hünärmenleri köp derman serişdelerine çydamly we rifampisine çydamly inçekeseli bejermek üçin doly peroral, üýtgedilen gysga möhletleýin bejeriş düzgünlerini ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit boýunça geçirilýän amaly gözleg işleriniň gidişini ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn duşuşyk geçirdiler. BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy ýurduň ministrligi bilen Ýewropada BSGG-niň arasynda 2020–2021-nji ýyllar üçin iki ýyllyk hyzmatdaşlygy baradaky şertnamasynyň çäginde wirtual çäre geçirdi.
Inçekesele garşy göreş Türkmenistan üçin esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup galýar. BSGG-niň beýleki hyzmatdaşlaryň goldawy bilen durmuşa geçirýän Inçekesele garşy göreşmek boýunça milli maksatnamasy ýurduň epidemiologiki ýagdaýynda oňyn üýtgeşmeleri gazanmaga ýardam etdi. Köp derman serişdelerine çydamly bolan inçekesele garşy göreşmek üçin maksatnamasynyň girizileli bäri, kesellemegiň ýyllyk görkezijisi ortaça 6% peseldi.
Inçekesele garşy göreşmek - ileri tutulýan ugur
Ýewropada BSGG-niň sebitleýin başlangyjy, köp derman serişdelerine çydamly we rifampisine çydamly inçekeseli bejermek üçin üýtgedilen gysga möhletleýin bejeriş düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly bejeriş usullarynyň we kliniki idegiň hilini ýokarlnadyrmaga gönükdirilendir. BSGG-niň Ýewropadaky sebitine, Türkmenistan bilen birlikde bu başlangyja 14 ýurt goşuldy we häzirki wagtda1200-e golaý hassa täze bejeriş usullaryndan peýdalanýarlar.
“Köp derman serişdelerine çydamly inçekeseli bejermek henizem 20 aýa çenli bejergini talap edýändigine garamazdan, maksatnamalaýyn we amaly gözleg işleriniň çäklerinde belli bir hassalar kategoriýasy üçin bu möhleti 9 aýa çenli azaltmak mümkinçiligi bar”, - diýip, BSGG-niň Ýewropadaky edarasynyň inçekesel boýunça toparynyň ýolbaşçysy doktor Askar Ýedilbaýew aýtdy. "Biz bu başlangyç, sebitdäki köp derman serişdelerine çydamly we rifampisine çydamly inçekeseli bejermekde ep-esli goşant goşar we köp derman serişdelerine çydamly inçekeseli bejermek boýunça BSGG-niň ýene-de maslahatlary taýýarlamagy üçin subutnama esasynda maglumatlary ýygnamaga ýardam eder diýip umyt edýäris".
BSGG inçekeseli bejermek boýunça milli görkezmeleri işläp düzmekde Türkmenistana yzygiderli goldaw berýär. BSGG-niň bu çärelere gatnaşmagy we bejergi üçin täze ömri halas ediji protokollarynyň girizilmegi ýurtda yzygiderli we ulgamlaýyn üýtgeşmeleri gazanmaga ýardam etdi.