Press reliz

Massaçusets Tehnologiýalar Institutynyň geçiren täze barlagy BMG-niň “Pause” atly kampaniýasynyň ýaşaýşa howply bolan nädogry maglumatlaryň ýaýramagyny peseldýändigi barada habar berýär

01 iýul 2021

  • Bütin dünýäde tolgunyşykly bir ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Barlanan” (Verified) atly başlangyjy lukmançylyk ylymlary we özüni alyp baryş gözlegleri boýunça iň oňat akyllarlar bilen birleşip, pandemiýanyň uzak waglap dowam etmegine sebäp bolýan ýagdaýlary kesgitlemek üçin sosial mediýadaky sesleri azaltmak ugrunda işledi. 

Bu işiň esasy bölegi adamlary paýlaşýan maglumatlarynyň dogrulygyny barlamak üçin säginmäge çagyrýan BMG-niň “Pause” (“Sägin”) atly kampaniýasydyr. Indi Massaçusets Tehnologiýalar Instituty (MIT) tarapyndan geçirilen täze gözlegde “Pause” kampaniýasynyň nädogry maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin häsiýet boýunça zerur üýtgemelerini getirip biljekdigi aýdylýar.

Angliýada we ABŞ-da geçirilen MIT gözleginde telefonlarda, kompýuterlerde we sosial media platformalarynda paýlaşmazdan ozal islendik maglumatyň gelip çykyşyny, ygtybarlylygyny, ýerlikliligini we dogrulygyny sorag astyna almagyň ýönekeý hereketiniň adamlaryň ýalňyş maglumatlary paýlaşmak islegini ep-esli peseldendigi anyklandy. Gözlegde “Pause” kampaniýasynyň mazmunyny gören gatnaşyjylaryň galp sözbaşylary paýlaşmak ähtimallygy azdy.

“Ýalňyş maglumatlara garşy göreşmek biziň hemmämize degişlidir. Bu sosial üýtgemeleri amala aşyrmak, özüni alyp baryş kadalaryny üýtgetmek we birek-biregi howpsuz saklamak üçin raýdaşlyk duýgusyny nädip birleşdirip boljakdygymyz baradadyr” – diýip, BMG-niň Global aragatnaşyk boýunça baş sekretarynyň kömekçisi Melissa Fleming belledi. “MIT barlagy paýlaşmazdan ozal saäginmegiň diňe bir mümkin bolman, eýsem, esasan hem hakykaty ýalandan aýyrmak kyn bolan döwürde jogapkärli zatdygyny görkezýär.”

“Purpose” (“Maksat”) sosial täsir ediş guramasy bilen hyzmatdaşlykda döredilen “Pause” kampaniýasy BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş tarapyndan 2020-nji ýylyň maý aýynda COVID-19 bilen baglanyşykly lukmançylyk we ylmy maglumatlary we maslahatlary bermek we nädogry maglumatlaryň ýaýradylmagyny bes etmek üçin başlanan has giňişleýin “Verified” (“Barlanan”) başlangyjyň bir bölegidir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň habaryna görä, diňe 2020-nji ýylyň ilkinji üç aýynda COVID-19 bilen baglanyşykly nädogry maglumatlar sebäpli 6000 töweregi adam keselhana ýerleşdirildi.

2020-nji ýylda takmynan 1 milliard adama ýeten “Pause” kampaniýasy has jogapkärli adamlara maglumat paýlaşmak üçin mümkinçilik döretmek ugrunda edýän tagallalaryny iki esse artdyrýar. Kampaniýanyň #PledgetoPause atly täze tapgyry dünýäde adamlary säginmäge wada bermegi we internet torunda säginmek nyşany ýaýratmagy çagyrýar.

Gözleglere esaslanyp, kampaniýa hatda birnäçe sekundyň dowamynda saklanmagyň köplenç tolgunma, gahar, gynanç, begenç we hatda altruizm ýaly duýgular bilen güýçlendirilýän, görýän zatlarymyzy paýlaşmak islegi babatda özümize has tankydy pikirlenmäge wagt berýär diýen esasda gurulýar. Has gowy pikir agdyklyk edýär we galp maglumat az ýaýraýar.

BMG-niň Baş Sekretarynyň aýtmagyna görä: “COVID-19 pandemiýasy döwründe nädogry maglumatlar ölüme sebäp bolup biler. Säginiň we nädogry maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni alyň.”

“VERIFIED” BARADA

“Verified” Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy bolup, ol “Purpose” başlangyjy bilen hyzmatdaşlykda, COVID-19 bilen göreş wagtynda dünýädäki adamlara ylym esasly maglumatlar bilen ygtyýar bermegi maksat edinýär. BMG-niň guramalary, täsir edijiler, raýat jemgyýeti, kärhanalar we sosial media platformalary bilen işläp, “Verified” ygtybarly, takyk maglumatlary döredýär we paýlaýar we sarp edijileri onlaýn maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we azaltmak üçin media sarp ediş usullaryny üýtgetmäge çagyrýar. Web-sahypa:  https://shareverified.com/en/

“PAUSE” KAMPANIÝASY BARADA

BMG tarapyndan tassyklanan başlangyjyň bir bölegi hökmünde başlanan “Pause” kampaniýasy psihologlaryň, neýro-ylmy işgärleriniň we özüni alyp baryş ylymlarynyň alymlarynyň gözleglerine esaslanýar. Bu gözlegler paýlaşmazdan ozal pikirlenmegiň ara alnyp maslahatlaşylmadyk we ýalňyş maglumatlaryň ýaýramagyny azaltmaga ep-esli ýardam edip biljekdigini görkezýär. Bir ýyl mundan ozal başlanan umumy kampaniýa adamlary haýran galdyryjy ýa-da täsirli mazmuny paýlaşmak endigini taşlamaga we takyklygyna şübhelenmäge mejbur edýär. Web-sahypa: https://pledgetopause.org

HABARLAŞMAK ÜÇIN

BMG-niň Global aragatnaşyklar bölümi

Dewi Palaniwelu | palanivelu@un.org | +1 917 495 5424

“Purpose”

Jennifer Minard | jennifer.minard@purpose.com | +44 787 242 7706

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz