Türkmenistanda “Halkara kazyýet hyzmatdaşlygy we adam söwdasy bilen baglanyşykly işlerde özara hukuk goldawy” atly maslahat duşuşygy geçirildi
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi USAID-yň “Merkezi Aziýadada howpsuz migrasiýa” taslamasy bilen iş maslahatlaryny gurnady.
Kazyýet edaralarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem adam söwdasy bilen baglanyşykly işleri derňew etmekde we kazyýet yzarlamasynda tejribe alyşmak we gelip çykyş, üstaşyr geçýän we barjak ýurtlaryň arasynda özara hukuk kömegini bermekde goldamak üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi USAID-yň “Merkezi Aziýadada howpsuz migrasiýa” atly taslamasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistandan, Gyrgyzystan we Türkiýe Respublikasyndan jenaýat kazyýet hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny gurnady.
Tejribe we bilim alyşmakdan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylara jenaýat işlerinde kazyýet hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmek üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan işlenip düzülen ulgamlar we amaly gurallar barada maglumat berildi.
Şeýle ýygnaklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajyplylygyny belläp, USAID-iň Türkmenistandaky wekili hanym Nino Nadiradze şeýle diýdi: “Beýleki global meseleler bilen birlikde, adam söwdasy hem ýerli hem halkara derejesinde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin kanunyň hökmürowanlygyny, utgaşdyrylan çäreleri talap edýär. Adam söwdasyna gatnaşýan serhetaşa guramaçylykly jenaýat toparlary jenaýat işlerini giňeltmek üçin dürli usullary ulanýarlar, şonuň üçin gelip çykyşy, üstaşyr we barjak ýurtlary tarapyndan kabul edilen berk hukuk esaslaryna esaslanýan halkara kazyýet hyzmatdaşlygy bu guramaçylykly jenaýat toparlaryna garşy durmak üçin örän wajypdyr. Şeýle hem, halkara hyzmatdaşlygyň adam söwdasy bilen baglanyşykly işleri derňemek we kazyýet işi üçin, şeýle hem zyýan çeken şahsyýetler öz wagtynda goldaw bermek üçin düýpli çözgütleri bar.”
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi jenaýat işlerininiň öňüni almak we jenaýat adalatlygy boýunça işgäri jenap Luis Fransisko de Horhe Mesas we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň taslamalary boýunça milli işgäri jenap Maruf Hakimow gatnaşyjylara kazyýet edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyna we özara hukuk kömegine ýardam bermek üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan işlenip düzülen we döredilen gurallar we torlar barada maglumat berdiler.
Gyrgyzystan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekilleri öz ýurtlarynda özara hukuk kömegini bermek babatynda tejribe alyşdylar, şeýle hem özara hukuk goldawyny bermek üçin haýyş etmek bilen baglanyşykly milli jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň aýratynlyklaryny paýlaşdylar.
“BMG-niň Agza ýurtlary şu günki global kynçylyklara we howplara, şol sanda transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek babatyndaky çäreleri görmegiň üstünde bilelikde iş alyp barýarlar. Adam söwdasyna degişlilikde, Türkmenistan bu jenaýata garşy göreşmek üçin beýleki ýurtlar we olaryň ygtyýarly guramalary, şeýle hem bu ugurda işleýän halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär” diýip, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň baş prokurory, jenap Guwanç Bazarow belledi.
Halkara kazyýet hyzmatdaşlygynyň wajyplylygyny belläp, jenap Bazarow, Türkmenistanyň özara hukuk kömegi we ekstradisiýa edilmegi boýunça hökümetara şertnamalary aşakdaky görkezilen döwletler bilen baglaşandygyny aýtdy: Minsk konwensiýasynyň çäginde GDA ýurtlary, Gruziýa, Özbegistan Respublikasy, Ermenistan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy we Türkiýe. “Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara hukuk kömegi barada täze şertnamanyň üstünde işler hem tamamlanýar” diýip, jenap Bazarow aýtdy.
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi mümkinçilikleriň giňeltmegi, şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara neşe serişdeleri we hukuk goraýyş işi boýunça Býurosynyň goldawy bilen adam söwdasynyň öňüni almak, ýüze çykarmak, derňemek we kazyýet yzarlamasy maksady bilen hukuk goraýjy we adalat edaralarynyň arasynda öňdebaryjy tejribe alyşmagy goldaýar.