BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi USAID bilen bilelikde “Adalat üçin bilim” (E4J) atly başlangyjyň tanyşdyrdyş çäresini geçirdi.
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň we akademiki edaralarynyň hünärmenlerini “Adalat üçin bilim” (E4J) başlangyjy bilen tanyşdyrdy. Bu çärä Bilim ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň wekilleri we mugallymlary gatnaşdy.
“Adalat üçin bilim” (E4J) başlangyjy başlangyç, orta we ýokary derejeli bilim derejelerine gönükdirilen bilim çäreleri arkaly jenaýatyň öňüni almak we kanunyň hökmürowanlygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu çäreler mugallymlara geljekki nesli kanunyň hökmirowanlygyna zyýan ýetirip biljek we talyplary öz jemgyýetlerine we geljekki hünärlerine işjeň gatnaşmaga höweslendirip biljek meselelere has gowy düşünmek we olaryň çözgüdini tapmak üçin öwretmäge ýardam edýär” diýip, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýada Jenaýat Adalat Maksatnamasy boýunça dolandyryjysy jenap Kun Markwering belledi.
Çäräniň dowamynda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi innowasiýa we interaktiw okuw materiallaryny we bilimiň ähli derejeleri üçin çäreler toplumyny hödürledi. Özbegistandan we Gazagystandan gelen bilermenler we akademiki edaralarynyň hünärmenleri bu okuw gurallaryny ulanmak we bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça tejribelerini hödürlediler.
Ösüp barýan nesli kanunçylyk ruhynda okatmagyň wajyplylygyny belläp, USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň ýolbaşçysy Eleanora Walentaýn şeýle belledi: “Ylymyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitleri üçin ulanyp, Türkmenistan innowasion okuw usullaryny ulanmaga uly ähmiýet berýär, iň oňdebaryjy tejribeler düýpli öwrenilýär we durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň abraýly gözleg we bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ýaýbaňlaşýar. Biz bu möhüm işlerde täze sahypany açyp, kanunyň hökmürowanlygy we adam söwdasy, şeýle hem başga transmilli guramaçylykly jenaýatyň beýleki görnüşleri ýaly global howplaryň öňüni almak ýaly möhüm ugurlary öwrenmäge mümkinçilik döredip, Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň bilim almagyna goşant goşyp bileris diýip umyt edýäris”.
Gatnaşyjylar ulanmak üçin ýa-da özbaşdak okuw serişdesi ýa-da kriminologiýa, hukuk, syýasat ylymlary, halkara gatnaşyklary, sosiologiýa we beýleki köp ugurlar boýunça okuwlary kämilleşdirmegiň serişdesi hökmünde ulanmak üçin bar bolan uniwersitet modullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar geljekki ýolbaşçylary kemala getirmäge we geljekki nesle dünýädäki jenaýatlaryň iň agyr görnüşleri bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmakda kuwwatlandyrmaga we DÖM 16 laýyklykda has adalatly, parahatçylykly we öz içine alyjy (inklýüziw) jemgyýetleri gurmaga ýardam etmäge niýetlenendir.
Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň esasy hukukçysy, jenap Gurban Tuşiýew öz minnetdarlygyny bildirdi we şeýle diýdi: “Bu örän gowy başlangyç bolup dur we şu gün bu ýere ýygnananlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Biz bu ugurda hyzmatdaşlygymyzy dowam ederis diýip umyt edýäris”.