BMG-niň Ýurt boýunça toparyndan, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Daşary işler ministrliginden, Ilaty zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden, Döwlet statistika komitetinden, Merkezi bankdan we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan wekilçilik edýän bilelikdäki bilermenler toparynyň agzalary toparyň esasy maksatlary we wezipeleri barada ylalaşdylar we toplumlaýyn maliýeleşdiriş çarçuwasy mehanizminiň çäginde dürli işler arkaly Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegini öňe sürmegiň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Şu gün Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň döredilmegi Türkmenistanyň Addis Abeba Hereketleriniň Gün tertibi boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek babatynda global başlangyçlary milli derejede goldamaga taýýardygyny görkezýär. Garaşylmagyna görä, bu toparyň işi Türkmenistanda Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça milli tagallalara goldaw berer” - diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. we Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň w.ý.ý hanym Natia Natswlişwili belledi.
Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň maliýe meýilnamalaşdyrylyşyny we býudjetini ösdürmek, maýa goýum gurşawyny we iş gurşawyny gowulandyrmak, maýa bazarlaryny we innowasiýa maliýeleşdiriş gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ileri tutulýan strategiki ugurlaryň ösmegine goşant goşar.
Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň esasy maksatlary:
- Ösüşi maliýeleşdirmek meselesinde, hususan-da, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginde Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çemeleşmäni öwrenmek.
- Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegi düşünjesiniň ýörelgelerini we nazary esaslaryny, Ösüşiň maliýe bahalandyrmasy ýaly baha beriş gurallarynyň ulanylşyny öwrenmek.
- Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň dürli görnüşleri we çemeleşmeleri, şol sanda Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmegi çemeleşmesini durmuşa geçirýän beýleki ýurtlaryň tejribesini öwrenmek;
- Milli hünärmenler üçin yzygiderli bilim çäreleriniň dowam etmegini ýeňilleşdirmek;
- Türkmenistanda Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmeginiň strategiýasyny, şol sanda meýilnamasyny işläp düzmek, Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş çarçuwasynyň durmuşa geçirilmeginiň başlangyç tapgyryna goldaw bermek, tehniki görkezmeleri üpjün etmek, amaly syýasat tekliplerini we maslahatlary işläp düzmek we hödürlemek.