Press reliz

BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmäge bolan razylygyny goldaýar

24 aprel 2019

  • Birleşen milletler guramasynyň ýurt boýunça topary Türkmenistanyň Hökümetiniň “Jemgyýet derejesinde hemmeler üçin açyk we ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmegiň üsti bilen durmuş goraglylygynyň ulgamyny kämilleşdirmek” atly bilelikdäki maksatnamany Durnukly ösüş maksatlary boýunça bilelikdäki gaznasyna teklip etmek baradaky hatyň tassyknamasyny aldy.

BMG-niň ýurt boýunça topary tutuş ýaşaýşyň dowamynda gowşaklygyň ähli görnüşleriniň öňüni almak üçin düzülen we durmuş goraglylygy bilen baglanyşykly çäreleri boýunça başlangyçlary ýüze çykarmakda we olara goldaw bermekde ünsüni jemleýän bilelikdäki gaznanyň degişli talabyndan soň, tassyknama hatyny düzdi. Aýratyn hem, teklip edilen taslamanyň maksady ilatyň iň gowşak toparlarynyň, mysal üçin, mümkinçilikleri çäkli şahslaryň, uly ýaşly adamlaryň, çagalaryň we zenanlaryň, ýetginjekleriň we ýaş adamlaryň zerurlyklaryna laýyk gelýän jemgyýet derejesinde üpjün edilýän durmuş hyzmatlaryny girizmekden we olary dolandyrmakdan ybarat. Hata laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi iň esasy milli hyzmatdaş bolar. Ondan başga-da, maksatnama Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, hökümete degişli bolmadyk guramalar, ýerli müdirlikler we öz-özüňi dolandyryş edaralary gatnaşar.

Duşuşykda ýokarda bellenilen edaralaryň ministrleriniň orunbasarlary we BMG-niň gatnaşýan gulluklarynyň ýolbaşçylary gatnaşyp, onda teklip edilen bilelikdäki maksatnama gözden geçirildi we maksatnama üçin teklip edilen maksatlar, düzüm bölekler we işler barada ylalaşyldy.

Bu bilelikdäki maksatnama tassyklansa, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 8-nji, 10-njy, 12-nji, 13-nji, 16-njy we 17-nji maksatlarynda, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady ösüşi boýunça maksatnamada, Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça (2016-2020-nji ýyllar), çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça (2018-2022-nji ýyllar), mümkinçilikleri çäkli şahslaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça (2017-2020-nji ýyllar) hereketleriň milli meýilnamalarynda kesgitlenen milli maksatlaryň durmuşa geçirilmegine, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasatynyň we bu boýunça hereketleriň meýilnamasynyň (2015-2020-nji ýyllar) durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyna garaşylýar.

“Bilelikdäki maksatnama üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirilse, BMG-niň ýurt boýunça toparyna 2 million dollaryna çenli maliýeleşdirme bölünip berler, bu serişdeler Türkmenistanyň durmuş goraglylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegine maýa goýum hökmünde goýlar. Bilelikdäki maksatnama 2020-2021-nji ýyllaryň dowamynda durmuşa geçiriler” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz