Press reliz

HMG, Ýewraziýanyň gaznasy we USAID Adam söwdasyna garşy Bütindünýä güni mynasybetli Ýaşlar forumyny gurnaýarlar

30 iýul 2021

  • Şu gün Türkmenistanda Halkara Migrasiýa Guramasy Ýewraziýa Gaznasy (EF), ABŞ-niň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde Adam söwdasyna garşy Bütindünýä güni mynasybetli ýaşlar forumyny gurady. Bu sene her ýyl 30-njy iýulda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýär.

Türkmenistan transmilli guramaçylykly jenaýata garşy Konwensiýa we 2005-nji ýylda onuň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça teswirnamalaryna goşuldy. Şol günden bäri Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça milli iş topary döredildi we adam söwdasyna garşy göreşmek üçin iki Milli meýilnamalar tassyklandy.

Şu günki foruma işjeň ýaşlaryň 60-dan gowrak wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri adam söwdasyna garşy göreşmek, ýaşlaryň işjeňligi, ýaşlaryň hökümetiň we jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmagy, meýletinçilik, telekeçilik, sagdyn durmuş ýörelgeleri we daşky gurşawyň durnuklylygy ýaly meseleleri, ýagny, pozitiw we meşgul ýaşlaryň üstünlikli bolmagy üçin ähli ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin gatnaşdylar.

Çärede, Türkmenistanyň hökümetine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy hem-de Zähmet we ilaty dumruş taýdan goramak ministrligi wekilçilik etdi. Foruma BMG-niň düzümleýin edaralary tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA), Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi (UNRCCA), Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi (UNOCT) gatnaşdy. Foruma gatnaşan jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti, “La Strada” (Moldowa), Ýeňme (Türkmenistan) we beýlekiler.

"Ýakynda Türkmenistan 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýaşlar syýasatyny tassyklady, ol ýaşlaryň sagdyn, işjeň we üstünlikli bolmagy, şeýle hem olaryň ýurduň sosial we ykdysady durmuşyna oňyn gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri üpjün etmek üçin birnäçe strategiki maksatlary we çäreleri öz içine alýar" – diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy jenap Batyr Abdýew açylyş dabarasynda aýtdy.

“Ýaşlar, ilatyň iň işjeň gatlaklarynyň biri bolup galýar, bu bolsa olaryň howplara sezewar bolmagyny artdyryp biler. Şol sebäpli, biz ýaşlaryň bikanun migrasiýasy we adam söwdasynyň töwekgelçilikleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin Ýaşlar forumyny guramak bilen Adam söwdasyna garşy halkara gününi bellemek kararyna geldik"- diýip, Türkmenistanda HMG-niň ýolbaşçysy Azat Atajanow aýtdy. Şeýle hem, ol “Biz Türkmenistanyň hökümeti bilen adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris. Biz häzirki wagtda diňe hökümetiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, esasy halkara hyzmatdaşlaryň we ýaşlaryň goldawy bilen adam söwdasyna garşy göreşmekde üstünlik gazanyp bileris" diýdi.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

TKM SMS
Turkmenistan State Migration Service
USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz